Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisi geçirildi
  11.05.2024
300
Ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisi geçirildi

«Magtymguly – geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir» atly ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasy Magtymguly Pyragy muzeýine aýlanyp, bu ýerdäki gymmatlyklar, şol sanda ýaş senetkärleriň döreden işleri bilen tanyşmakdan başlady.

 

Ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasyny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri G.Muhammedow alyp bardy.

 

Şeýle-de maslahatyň umumy mejlisi geçirilip, onda Türkmenistanyň Halk ýazyjysy O.Annaýew, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory R.Gylyjow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty Ý.Keriýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri T.Täçmämmedowa, Berdimuhammet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň direktory A.Babaýewa, «Biznes reklama» gazetiniň baş redaktory S.Geldiýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy L.Aşyrowa, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Işgärler we ýörite işler bölüminiň baş hünärmeni G.Gurbanowa hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby M.Mahtumow dagylar çykyş etdiler.

 

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alypbarýan syýasaty netijesinde sarpasy belent tutulýan Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň türkmen halkynyň ýaş nesilleri üçin durmuş ýörelgesine öwrülendigini aýratyn belläp geçdiler.

 

Maslahata gatnaşyjylara «Magtymguly – geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir» atly ylmy-amaly maslahatyň nutuklarynyň beýany ýerleşdirilen kitapça we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.