Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Ylmy-amaly maslahatyň çäginde ýaşlar bilen şygryýet agşamy geçirildi
  11.05.2024
403
Ylmy-amaly maslahatyň çäginde ýaşlar bilen şygryýet agşamy geçirildi

«Magtymguly – geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir» atly ylmy-amaly maslahatyň çäginde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Nesil» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde gurnamagynda ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň, halypa ýazyjy-şahyrlaryň, - şeýle hem, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda çaý başynda şygryýet agşamy geçirildi.

 

Işjeň häsiýete eýe bolan şygryýet agşamy oňa gatnaşan ýaşlar üçin ýatdan çykmajak pursatlara baý boldy, edebiýatsöýüji ýaşlar özara pikir alyşdylar we öz döreden goşgularyny okap berdiler.

 

Bu agşam döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň özara dostlaşmagyna, tejribe alyşmagyna mümkinçilik döretdi. Täsirli geçen duşuşykda halypalar döredijilige höwesli ýaşlar bilen öz tejribelerini paýlaşdylar, gymmatly maslahatlaryny berdiler.