Ylmy-amaly maslahatyň «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» diýilip atlandyrylan 3-nji bölümçesi Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň hassahanasynyň mejlisler jaýynda geçirildi.
Bölümçäni Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Arkadag şäheriniň Maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň Emläk gatnaşyklary, telekeçiligi goldamak we hususylaşdyrmak bölüminiň esasy hünärmeni P.Meretliýew alyp bardy.
3-nji bölümçäniň maslahatynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Ylym bölüminiň hünärmeni A.Gurbanowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy A.Myradowa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy R.Hojageldiýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri A.Kulyýew, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy O.Koçiýewa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby G.Gurbanowa we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni S.Babanyýazowa dagylar çykyş etdiler.
«Magtymguly sözlär tili türkmeniň» atly 3-nji bölümçede:
atly temalara barada gürrüň edildi.