Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýürek-damar keselleri bilen kesellän näsaglarda ýüze çykýan ruhy bozulmalar ✦ ✦ Ukynyň adam saglygyna täsiri ✦ ✦ Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi - saglyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrlmagy ✦ ✦ 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edildi ✦ ✦ Ruhy saglyk we onuň adama täsiri ✦ ✦ «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» kitabynyň Ýapon dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Bilim - Berkarar geljegiň binýady ✦ ✦ Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteri - täze eýýamyň saglyk we ykdysady ösüş binýady ✦ ✦ Seýsmik howplar meselesi barada maslahat geçirildi ✦ ✦ Okuw-usuly maslahat: täze usullar bilime ornaşýar ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ykdysadyýet we Dolandyryş Institutynda maslahat geçirildi
  26.10.2024
127
Ykdysadyýet we Dolandyryş Institutynda maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we Dolandyryş Institutynda Halk Maslahatyndan gelip çykýan wezipeler barada maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we Dolandyryş Institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde öňe süren möhüm tekliplerini durmuşa geçirmek maksady bilen iş maslahaty geçirildi. Çärä professor mugallymlar, talyp ýaşlar we ene-atalar gatnaşyp, maslahatda ýurdumyzyň ösüş maksatlaryny ilerletmekde bilim ulgamynyň orny, ykdysady ösüşe goşant goşmagyň ýollary barada giňişleýin pikir alyşdylar.

Maslahatda institutyň ähli fakultetleriniň kafedralarynda aýratyn sessiýalar geçirildi. Bu sessiýalarda täze dolandyryş usullary, sanly ulgamlary ösdürmegiň ähmiýeti we ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda innowasiýalary ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri barada çykyşlar diňlenildi. Çykyş edenler ýaş nesilleri bilim we terbiýe bilen ösdürmegiň ähmiýetini hem-de milli ösüş maksatlarynyň gazanylmagynda ýaşlaryň orny barada gürrüň berdiler.

Maslahatyň dowamynda ene-atalar hem öz tekliplerini we garaýyşlaryny paýlaşyp, ýaşlaryň bilim almakdaky jogapkärçiligini ösdürmegiň ähmiýeti barada belläp geçdiler. Şeýle-de, olar täze teklipleri goldap, ýaş nesliň kämil we maksada okgunly nesil bolup ýetişmegi ugrunda tagallalaryny dowam etdirmäge taýýardygyny nygtadylar.

Çäre Türkmenistanyň Ykdysadyýet we Dolandyryş Institutynda geçirildi.

Maksat IŞANGULYÝEW
Türkmen Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby