logo

Latest news:
✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦ ✦ «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi ✦ ✦ GDA-nyň DIM-niň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi ✦
Home / Economics /Ykdysady diplomatiýa rowaçlyklara beslenýär
  06.04.2024
598
Ykdysady diplomatiýa rowaçlyklara beslenýär

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň oňyn daşary syýasatynyň binýatlyk esaslary ata Watanymyzda amala aşyrýan möhüm syýasy ugurlarynda aýdyň beýanyny tapýar. Döwletimiziň alyp barýan syýasy ugurlaryna laýyklyk­da, Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine, şeýle hem beýleki döwletleriň işine gatyşmazlyga, gapma-garşylyklary parahatçylykly ýol bilen we syýasy serişdeler arkaly çözmäge ygrarly blup durýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi  bütin adamzadyň bähbitlerine laýyk gelýän parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer daşary syýasat ýörelgeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly itergi berýär. Bu ugurda durmuşa geçirilýän  işler sebitde we dünýäde syýasy durnuklylygy berkitmäge, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Türkmenistan durnukly ösüşi gazanmak ugrunda syýasy-diplomatik we ykdysady çäreleri has işjeň alyp barýar. Ýurdumyz dünýäniň ençeme döwletleri bilen syýasy, ykdysady we medeni taýdan deňhukukly hyzmatdaşlygy barha ilerledýär.

 

Türkmenistanyň  milli bähbitleri, halkara we sebit derejesindäki gatnaşyklary pugtalandyrmakda alyp barýan işleri dünýä ýüzünde oňyn seslenmä eýe bolýar. Häzirki wagtda dünýä ösüşiniň täze meýillerini, şeýle hem milli ykdysadyýetiň durmuş-ykdysady şertlerini seljermek bilen Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň strategik ugurlary anyk kesgitlenildi. Häzirki zaman globallaşma şertlerinde Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasy toplumlaýyn we ulgamlaýyn häsiýete eýe bolup, döwletiň wajyp wezipelerini amala aşyrýar. Diplomatiýanyň bu görnüşi döwlet düzümleri derejesinde hem-de jemgyýetçilik guramalary we telekeçiler bileleşigi derejesinde ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda  we daşary ýurtlarda geçirilýän maýa goýum forumlary hem-de döwletimizde öndürilýän harytlaryň sergileri ýurdumyzyň ykdysady diplomatiýasynyň üstünliklerini dünýä äşgär edýär. Halkara hyzmatdaşlyk üçin Türkmenistanyň açyk ykdysadyýeti, halkara giňişliginde onuň tutýan ornunyň has berkemegi, şeýle hem döwletimiziň halkara guramalarynyň işlerine gatnaşmagynyň işjeňleşdirilmegi bu ugurda uly öňegidişlikleri gazanmaga mümkinçilikleri döretdi. Türkmenistanyň daşary syýasaty içerki syýasat bilen berk baglanyşykly  bolup, döwletiň durmuş ykdysady meselelerini çözmekde ykdysady diplomatiýanyň möhüm ornuny tassyklaýar.

 

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da ýokarlandyrmak babatda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri  uzak bolsun!

 

Göwher AMANSÄHEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler minitrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.