Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ynsan kalbynyň nury kitap ✦ ✦ “Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçirildi ✦ ✦ Ekologiýa diplomatiýasy rowaçlanýar! ✦ ✦ Bitarap Türkmenistanyň şanly menzilleri ✦ ✦ Arkadag şäheri — bagtyň nury ✦ ✦ Iň ýaş botanika baglary ✦ ✦ Dokma önümçiligi: Aýratyn Sungat ✦ ✦ Dünýäniň iň uly gidrostansiýasy ✦ ✦ Iň uly akwarýumlar nirede ýerleşýär? ✦ ✦ Oňyn hyzmatdaşlygyň binýady – suw diplomatiýasy ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Ýewropa Bileleşiginiň medeniýet hepdeligi geçirilýär
  26.11.2024
138
Ýewropa Bileleşiginiň medeniýet hepdeligi geçirilýär

Ýurdumyz bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky däp bolan dostlukly dialog özara ynanyşmak, açyklyk ýörelgeleri esasynda üstünlikli ösdürilýär. Munuň şeýledigine şu ýylyň 18 — 27-nji noýabry aralygynda paýtagtymyzda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.

 

Turuwbaşdan bu hepdelik üçin Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň Germaniýanyň ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde medeni çäreleriň maksatnamasyny taýýarlandygyny bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, 22-nji noýabrda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Germaniýadan gelen döredijilik toparynyň wekilleri kirişli saz gurallarynda konsert berdiler. Tomaşaçylar nemes nusgawy sazlaryndan we opera eserlerinden lezzet aldylar.

 

Ýeri gelende bellesek, düzüminde 27 ýurdy birleşdirýän Ýewropa Bileleşiginiň halklarynyň dünýä medeniýetine goşan goşandy uludyr. Iogann Bah, Lýudwig Bethowen, Rihard Wagner ýaly meşhur nemes kompozitorlarynyň döreden eserleri dünýäniň aýdym-saz sungatynyň aýrylmaz bölegini emele getirýär. Şoňa görä-de, Şu gezekki konsertde nemes nusgawy sazlaryna we opera eserlerinden parçalara aýratyn orun berildi. Germaniýadan gelen «Klenke» kirişli saz topary (kwartet) we dört kirişli kontrabas saz guralyny çalýan, Berliniň döwlet kapellasynyň sazandasy Alf Mozer Gendel, Mosart, Weber, Şuman Ştraus, Reger we Legar ýaly saz sungatynyň ägirtleriniň nusgawy eserlerini ýerine ýetirdiler. «Klenke» kwarteti 30 ýyldan bäri nemes sazlaryndan ybarat çykyşlary bilen Germaniýada we dünýäde giňden tanalýar.

 

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde 24-nji noýabrda Italiýanyň «Antonio Flinta Trio» döredijilik toparynyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda guralan konserti paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin ýene-de bir ajaýyp sowgat boldy. Kompozitor we pianinoçy Antonio Flintadan, deprekçi Klaudio Joanniniden, kontrabasçy Roberto Buççiden ybarat topar jaz sungatynyň jadylaýjy owazyny duýmaga mümkinçilik berdi.

 

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda we Fransiýanyň ilçihanasynyň Fransuz institutynda ýewropa filmleriniň we multfilmleriniň görkezilişleri guralar. Munuň özi halkara gatnaşyklarynda medeni diplomatiýa möhüm ornuň degişlidigini görkezýär.

 

Gözel TAÝLYÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Medeniýeti öwreniş hünäriniň 2-nji ýyl talyby.