logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Ýewropa Bileleşigi bilen sanly söwda hyzmatdaşlygy
  21.05.2025
659
Ýewropa Bileleşigi bilen sanly söwda hyzmatdaşlygy

2025–nji ýylyň 13–14-nji maýynda Halkara söwda merkezi tarapyndan Türkmenistanda elektron söwdanyň ösdürilmegine we ýurduň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmaga taýýarlygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen okuw maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habaryna görä, bu çäre HSM-niň tehniki goldawynyň çäginde geçirilip, ýurduň sanly ykdysadyýete goşulyşmagynda möhüm ädim boldy.

 

Maslahatda döwlet edaralarynyň, telekeçileriň hem-de halkara hünärmenleriniň gatnaşmagynda açyk pikir alyşmalar guraldy. Duşuşyklarda söwda amallarynyň sanlylaşdyrylmagy, elektron söwdanyň mümkinçilikleri hem-de halkara ülňüler arkaly daşary bazarlara çykmagyň ýolary ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Bu ugurda alnyp barylýan degişli taslama Ýewropa Bileleşiginiň maliýeleşdirmeginde HSM tarapyndan durmuşa geçirilýär. “Türkmenistan: söwdanyň we goşulyşmagyň durnuklylygy” atly dört ýyllyk maksatnama ýurduň eksport mümkinçiliklerini giňeltmegi, işewür gurşawy kämilleşdirmegi we Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky söwda gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýär.

 

Taslamanyň esasy maksady — ýurduň ykdysady ösüşini goldamak, bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak hem-de häzirki zaman sanly çözgütler arkaly sebitleýin we halkara söwda gatnaşyklaryna işjeň gatnaşygyny üpjün etmekdir.