Ýeriň daşynda we älem giňişliginde aýlanýan ähli jisimler bir görnüşden başga bir görnüşe geçip biler bu hadysanyň amala aşmagy üçin esasy täsir edýän zat magnit meýdanydyr. Magnit hadysasynyň güýji häzirki wagtda alymlaryň çaklamagyna görä soňky wagtlarda ep-esli artyp, ýaňy ýakynda G3 derejesindäki magnit tupany hasaba alyndy.
Bu görkeziji magnit meýdanynyň güýjüniň täsirini aňladýan şkala bolup ol, G5 (adatdan daşary güýçli) derejä çenlidir. G1 gowşak dereje, G3 bolsa energetika ulgamlarynda naprýaženiýany sazlamagy talap edýär.
Güýçli magnit hadysasy hemralaýyn we pes ýygylykly radionawigasiýany, şeýle-de ýokary ýygylykly radio aragatnaşygyny bozup bilýär.
Mundan öň, alymlar Ýerde ilkinji magnit hadysasynyň 3-nji maýda bolmagyny çaklapdylar, ýöne tupan eýýäm 2-nji maýda başlady. Alymlar 2024-nji ýylda Günüň işjeňligiň täze ýokary derejesine ýetjekdigini çaklaýarlar we bu magnit hadysalarynyň sanynyň köpelmegine getirip biler. Günüň işjeňlik döwrüniň dowamlylygy dokuz ýyldan 14 ýyla çenli bolup bilýär, soňky Gün maksimumy 2013-nji ýylda hasaba alynypdy.
Dawut Döwletgeldiýew,
Türkmen oba hojalyk instituty
2-nji ýyl talyby.
TKA-nyň talyp hakynyň eýesi