Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär, adam häsiýetini kemala getirmekde möhüm orun eýeleýär» diýen sözlerinden ugur alnyp, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyrmak, ýokary derejeli sporty ösdürmek babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Milli sporty rowaçlandyrmak ýurdumyzyň täze taryhy döwründe täzeçe mazmuna, ösüş taýdan güýçli depgine eýe bolýar. Munuň şeýledigine ýaş türgenlerimiziň halkara derejeli sport ýaryşlarynda yzygiderli gazanýan üstünlikleriniň mysalynda hem anyk göz ýetirmek bolýar.
Garaşsyz döwletimizde köpçülikleýin sporty ösdürmekde ýaşlar syýasatyna esasy orun degişlidir. Şonuň üçin hem ilatyň giň gatlaklaryny bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, çagalar sportuny ösdürmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek boýunça hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlary ýaş nesillerimizi üstünliklere ruhlandyrýar. Ähli şertlerdir mümkinçilikleriň döredilmegi netijesinde, ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri depginli ösdürilýär, olaryň hatarynda Aziýa sebiti üçin häsiýetli bolmadyk buzda hokkeý oýnamak, figuralaýyn typmak we kýorling bar.
Ýurdumyzda milli sporty ösdürmek, sport ulgamynda halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, özara tejribe alyşmak babatda-da giň gerimli işler amala aşyrylýar. Halkara Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan biziň ýurdumyz halkara olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine hem mynasyp goşant goşýar. Türkmenistan sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem-de dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek bilen, ilkinji nobatda, dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar.
Ýurdumyzda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, «Amul — Hazar 2018» atly halkara awtorallisi, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty parahatçylyk, döredijilik, ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan berkarar döwletimiziň ägirt uly sport mümkinçilikleriniň bardygyny bütin dünýä subut etdi. Elbetde, munuň özi Ýer ýüzünde parahatçylygyň we dost-doganlygyň pugtalandyrylmagy üçin tagallalary birleşdirýän Garaşsyz döwletimiziň ählumumy ösüşiň, abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine amala aşyrýan parahatçylyk söýüjilik, bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň oňyn netijesidir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan binýady berkarar edilen milli sportumyzy galkyndyrmak babatdaky giň gerimli döwlet syýasaty hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hem mynasyp dowam etdirilýär. Şonuň netijesinde, berkarar döwletimiziň sport diplomatiýasy dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy berkitmekde we häzirki döwürde sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde halkara gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup hyzmat edýär. Ýurdumyzyň diňe bir sport babatynda däl, eýsem, ähli ugurlar boýunça halkara derejede öňe sürýän başlangyçlary dünýäde parahatçylygy we ählumumy abadançylygy üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Häzirki wagtda sporta we olimpiýa hereketine dünýä döwletleriniň, halklarynyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary, birek-birege ynanyşmagy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biri hökmünde baha berilýär.
Ýurdumyz sport babatynda dünýäniň abraýly halkara guramalary we döwletleri bilen parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Berkarar döwletimiziň sport diplomatiýasynyň dünýä halklaryny ýakynlaşdyrýandygyny, olaryň arasyndaky raýdaşlyk, gatnaşyklaryny pugtalandyrýandygyny bu günki gün bütin dünýä ykrar edýär.
Merjen ORAZDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.