logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Economics /Ýaşyl» ykdysadyýet — sazlaşykly ösüş
  27.04.2024
883
Ýaşyl» ykdysadyýet — sazlaşykly ösüş

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan  Birleşen Milletler guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň adamzadyň durnukly we howpsuz ösüşine howp salýan ekologik meseleleri öz wagtynda çözmäge, Ýeriň tebigy serişdelerini häzirki hem-de geljekki nesilleriň eşreti üçin aýap saklamaga gönükdirilen her başlangyjyny ilkinjileriň hatarynda kabul edýän we olary milli derejede işeňňir durmuşa geçirýän döwletdir. Hususan aýdylanda, bu babatda Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli pähim-paýhasy bilen badalga berlen we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň  tagallasy bilen durmuşa geçirilýän möhüm ugurlar – “ýaşyl ykdysadyýet” taslamasy boýunça degişli halkara guramalary bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy ösdürmekdir hem-de ýurdumyzda bu taslama laýyklykda giň gerimli we yzygiderli işleri amala aşyrmakdyr.

 

“Ýaşyl ykdysadyýet” – bu tebigat üçin zyýansyz ykdysady ösüş ýoly bolup, ol tebigy maýany saklap galmagyň we artdyrmagyň hasabyna önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmagy, zyňyndylary azaltmagy, biodürliligi giňeltmegi, ahyrky netijede bolsa ekologiýa taýdan abadançylygy üpjün etmegi maksat edinýär.. 

 

Halk köpçüliginiň, aýratynam önümçilik pudaklarynda zähmet çekýän raýatlaryň ekologiki aň-düşünjesini artdyrmak “ýaşyl ykdysadyýetli” jemgyýeti kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle umumadamzat bähbitli taslamanyň many-mazmunynyň halkymyzyň milli-ruhy ýörelgeleri we däp-dessurlary bilen äheňdeşligi ýurdumyzda bu ugurda amala aşyrylýan özgertmelere raýatlarymyzyň aň-düşünjeli garaýşyny üpjün edýär.  

 

Rejepbaý ALYMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.