Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Hazar deňziniň suw biologik serişdeleri üns merkezinde ✦ ✦ Hytaýyň ýokary okuw jaýlaryna resminamalar kabul edilýär ✦ ✦ Wengriýanyň ýokary okuw jaýlaryna resminamalar kabul edilýär ✦ ✦ Bitaraplyk parahatçylyga we ynanyşmaga çagyrýan ýoldur ✦ ✦ Türkmenistanda täze görnüşdäki banknotlar dolanyşyga girizildi ✦ ✦ 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» parahatçylyk alamatlary bilen sazlaşygy ✦ ✦ Meýletinçilik barada gyzykly faktlar ✦ ✦ Mugallymlar emeli aň boýunça halkara maslahata gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen lukmanlary koreý lukmançylygyny öwrenýär ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Ýaşuly nesliň şanyna
  01.10.2020
567
Ýaşuly nesliň şanyna

      Dili senaly ýaşulularymyzyň şanyna gadymy Ahal ýaýlasynda ýaýbaňlandyrylan dabaralar şatlyk-şowhuna, egsilmez ruhubelentlige beslendi. Welaýatyň barha özgerýän obalaryny, şäherçedir şäherlerini gurşap alan toý ruhubelentligi ýurdumyzda ýaşuly nesle goýulýan sylag-hormatyň özboluşly beýanyna öwrüldi.  

       Welaýat derejesindäki esasy dabaralar welaýat merkezinde giň gerim aldy. Änew şäherine görk goşýan Medeniýet öýüniň mejlisler jaýynda ajaýyp senäniň şanyna baýramçylyk konserti boldy. Konsert başlamazynyň öňüsyrasynda, ol ýerde ýaşuly nesliň wekillerini gutlamak we sylaglamak dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Onda çykyş edenler Ýaşulularyň halkara güni mynasybetly gutlaglaryny beýan etmek bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimizde ýaşuly nesle uly orun degişlidigi, jemgyýetimizde agzybirligi pugtalandyrmakda, ýaş nesilleri watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde dili senaly ýaşulularyň we mährem eneleriň bitirýän işleriniň öwgüli sözlere mynasypdygy barada aýratyn nygtadylar.

Welaýat häkimligi, welaýatyň jemgyýetçilik guramalary hem-de Medeniýet müdirligi tarapyndan geçirilen dabarada ýaşuly nesliň wekilleri hem ýürek buýsanjyny beýan etdiler. Olar ýaşulularyň sarpasyny belende göterip, olar hakda edýän bimöçber aladalar üçin hormatly Prezidentimiziň adyna çyn ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

Toý lybasly zaly bezäp oturan ýaşululara we enelere baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylmagy dabaranyň iň ýatda galyjy pursadyna öwrüldi.  Şol ajaýyp pursatdan soňra, esasy sahnany welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk çykyşlary özboluşly röwüş goşdy. Parasatly ýaşulularymyzyň we maşgala ojagynyň daýanjy bolan mährem enelerimiziň waspy bu ýerdäki çykyşlaryň düýp özenine düzdi.  

Toý gününde medeni ojagynyň eýwanynda welaýat kitaphanasynyň guran kitap sergisi bolsa, oňa gatnaşyjylara ýakymly duýgulary peşgeş berdi.