Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ýaşuly mugallymlara belent sarpa
  02.10.2024
172
Ýaşuly mugallymlara belent sarpa

1-nji oktýabr - Ýaşulularyň halkara güni jemgyýetimiziň durmuşynda öz mynasyp ornuny eýeleýär. 2024-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geljekki halkaraçy hünärmenleri milli gymmatlyklarymyzyň, watansöýüjiligiň belent ruhunda terbiýelemekde, olarda dostluk, birek-birege hormat goýmak, arassa ahlaklylyk, halallyk ýaly iň asylly häsiýetleri kemala getirmekde aýratyn hyzmatlary bitirýän, durmuşda ýagşy görelde görkezýän dilleri senaly ýaşuly nesliň wekillerine — halypa professor-mugallymlara Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli gutlamak dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda uzak ýyllaryň dowamynda türkmen diplomatiýasynyň geljekki wekillerini terbiýelemekde halal zähmeti bilen tapawutlanan halypa mugallymlara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy we  ýakymly gutlag sözleri aýdyldy.

 

Bilşimiz ýaly, 1990-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy adamzadyň belent ynsanperwer ýörelgelerini dabaralandyrýan möhüm sene hökmünde her ýylyň 1-nji oktýabryny «Ýaşulularyň halkara güni» diýip yglan etdi. Her ýylyň 1-njiboktýabrynda bu halkara baýram mynasybetli ýurdumyzda we dünýäniň ençeme döwletlerinde baýramçylyk dabaralary, medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilýär. Şeýle çärelerdir baýramçylyk dabaralarynyň belleinilip geçilmegi dünýä ýüzünde  il sylagly ýaşululara goýulýan sarpanyň aýdyň beýanydyr.

 

Ýeri gelende bäp geçsek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda  paýtagtymyzda üstünlikli geçirilenn Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýurdumyzyň ähli sebitlerinden ýaşuly nesliň wekilleriniň  gatnaşmagy, il-ýurt bähbitli çözgütleriň kabul edilmegi döwletli ýörelgelerimiziň dabaralanýandygyny doly aýdyňlygy bilen subut etdi. Bu umumymilli forums dowamynda  hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, ýaşuly nesliň birnäçe wekillerine Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyň  dakylmagy ýurdumyzda paýhasy goýazy gojalarymyza, kümüş saçly enelerimize goýulýan beýik sarpanyň aýdyň nyşanydyr.

 

Ahmet AGANIÝAZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň I ýyl talyby.