Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ilaty ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.
Ýaňy ýakynda hem Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde agyz suwuny arassalaýjy desga işe girizildi. Bu desga bir gije-gündiziň dowamynda 30 müň kub metr agyz suwuny arassalamaga ukyplydyr.
Täze toplum ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary bilen üpjün edildi. Suw Garagum derýasyndan howdana iberilýär we bu ýerde tebigy usulda çökdürilýär. Soňra ýörite gözeneklerden geçirilip, mehaniki esasda süzülýär. Soňra bolsa suw sorujy bekedinden turba geçirijiler arkaly suw arassalaýjy desga iberilip, bu ýerde kaskad howalandyrma desgasy arkaly kislorod bilen baýlaşdyrylýar, demir, marganes ýaly minerallardan arassalanýar. Soňra suw himiki usul bilen arassalanylýar we suw sorujy enjam arkaly çäge hem-de kömür süzgüçlerinde süzülýär. Süzülen we doly arassalanan agyz suwy natriý gipohloridi bilen zyýansyzlandyrylyp, dört sany arassa suw howzuna berilýär. Arassa agyz suwy Ýaşlyk şäherçesine, onuň ýakynyndaky obalara iberilýär. Mundan başga-da, suw sorujy enjamlar bilen arassa agyz suwy Gäwers obasyna, onuň töweregindäki ilatly ýerlere iberilýär. Ekologik howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen, suw arassalamagyň dowamynda emele gelen çökündiler ýörite enjamlar, şol sanda guratmak we goýaltmak üçin niýetlenen dekanter enjamy arkaly zyýansyzlandyrylýar.
Bu ýerde 50-den gowrak barlagy ýerine ýetirýän, hususan-da, suwdaky dürli himiki elementleri, suwuň gatylygyny anyklamak üçin barlaglary ýerine ýetirýän spektrofotometr enjamy ornaşdyrylypdyr. Turbidimetr enjamynyň kömegi bilen suwuň bulanyklyk derejesi ölçenilýär. Himiki reagentleri taýýarlamak üçin gyzdyryjy magnetiki garyşdyryjy ulanylýar. Şeýle-de barlaghanada analitik agyrlyk ölçeýji terezi, suwuň elektropotensial wodorod geçirijiligini ölçemek üçin PH metr enjamy, bu ýerde ulanylýan çüýşe önümlerini guratmak üçin enjam bar.