Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan halkara hyzmatdaşlykda jemgyýetçilik diplomatiýasynyň işjeň ulanylmagyny goldady ✦ ✦ V Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi ✦ ✦ Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli Halkara forum geçirildi ✦ ✦ “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda zenanlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly halkara maslahat öz işine başlady ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak Bitaraplygymyzyň aýdyň ýoly ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby neşir edildi ✦ ✦ Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 230-dan gowrak raýatyň günäsi geçildi ✦ ✦ Amarant ösümligi we onuň peýdasy ✦ ✦ “Bitaraplyk – parahatçylyk mukamy” atly dabaraly konsert geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ýaşlaryň ýürek joşy – döwrüň batly menzillerinde
  04.04.2023
1205
Ýaşlaryň ýürek joşy – döwrüň batly menzillerinde

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşlere eýlenen rowana ýollarynda bu günki gün Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen bagtyýar ilimiz taryhy wakalara, şanly senelere şaýat bolup, ýagty geljegini gurýar, durmuşa geçirilýän beýik işler kalbyňy joşdurýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ençeme möhüm ähmiýetli syýasy wakalaryň, durmuş-ykdysady, medeni özgertmeleriň amal edilýän döwründe ýaşamagyň, halal zähmet çekmekligiň özi-de bagt. Döwletli döwranyň goýnunda eziz diýarymyzda ýaşlar baradaky üns-alada barha ýokarlanýar. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyň rejelenen görnüşine laýyklykda, ýaş nesilleriň watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk ruhunda terbiýelemegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Belent milli ruhda kemala gelen ýaş nesiller ata Watanymyzy ösdürjek kämil şahsyýetlerdir. Ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan şanly wakalarda, ýetilýän belent sepgitlerde, gazanylýan beýik ösüşlerde ýaşlaryň orny örän uludyr. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» atly ajaýyp şygara beslenen ýylymyz ýaşlaryň durmuşynda uly sepgitleri açýar.  Ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmek, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak arkaly ylym-bilimi ösdürmek  ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Türkmen ylmyny ösdürmäge gönükdirilen beýik özgertmeler bagtyýar ýaşlaryň ylym-bilim we hünär taýýarlygynyň ýokary bolmagyny, eziz Watanymyzyň halkara jemgyýetçiliginiň kuwwatly ýurtlarynyň birine öwrülmegini şertlendirýär. Gahryman Arkadagymyzyň: «Kitaby söýüň, ylymly-bilimli başlar bolup, ata Watanymyza wepaly gulluk etmek beýik mertebedir!» diýip ýaşlara sargyt etmegi bagtyýar ýaşlarymyzy yhlasly okamaklyga borçlandyrýar. Munuň özi bolsa, türkmen ýaşlarynyň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatynda netijeli ädimdir, geljege goýulýan maýadyr. Çünki döwrüň batly gadamlarynda, rowaçly menzillerinde ýaşlary ýürek joşy bardyr. Ýylymyzyň nyşanynda hem  uçup barýan guşuň keşbiniň, ýaşajyk pyntygy ýatladýan şekiliň ýerleşdirilmeginiň özi-de «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ylymly-bilimli, gujurly ýaş nesillerimize belent sepgitleriň ýar boljakdygyny alamatlandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar ýaşlarymyz bilen belent maksatlar hemişe myrat tapsyn, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň beýik işleri, döwletli ýoly nurana geljege dowam bolsun! 

 

Abatgylyç NAZAROW,

TKA-nyň Şabat etrap birleşmesiniň başlygy.