Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ "Elektrik Maşynlary" boýunça açyk internet olimpiadasy başlaýar ✦ ✦ Saglyk - iň gymmatly baýlyk ✦ ✦ Türkmen alymlary Moskwada geçirilen suwdan peýdalanmak boýunça maslahata gatnaşdylar ✦ ✦ Manadyň 31 ýyllygy mynasybetli ykdysadyýet boýunça bäsleşik ✦ ✦ Himiýa we gaz himiýasy pudagyndaky innowasion tehnologiýalar boýunça halkara maslahat ✦ ✦ Türkmenistanda Kiberhowpsuzlyk Hakatony: "Turkmen Cyber. Hack" Bäsleşigi ✦ ✦ TDEI “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça onlaýn bäsleşigi geçirýär ✦ ✦ “Statistika” dersi boýunça internet bäsleşigi geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan ŞHG guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär ✦ ✦ Türkmen-täjik gatnaşyklary rowaçlanýar ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Ýaşlaryň arasynda geçirilen ylmy bäsleşikde 107 ýeňiji sylaglandy
  13.06.2024
417
Ýaşlaryň arasynda geçirilen ylmy bäsleşikde 107 ýeňiji sylaglandy

Ylymlar güni mynasybetli her ýyl geçirýän ylmy bäsleşiginiň ýeňijileriniň sylaglandyryş dabarasy Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetinde geçirildi. Bäsleşige ýaşlaryň 1 müň 670-si gatnaşyp, olaryň 107-si ýeňiji boldy. Bu barada yashlar.gov.tm saýtnda habar berilýär.

 

Bäsleşik nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary; innowasion ykdysadyýet; ynsanperwer ylymlar ýaly, ylymda öňe sürülýän ugurlar boýunça geçirildi.

Türkmenistanyň ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn edaralaryň we önümçilik birleşikleriniň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, orta hünär okuw mekdepleriniň okuwçylary, şeýle-de ylmy işe höwesli dürli hünärdäki ýaşlar gatnaşdylar.

Ýeňiji ýaş alymlara şahadatnamalar, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Şeýle-den dabaranyň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň foýesinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we mekdep okuwçylarynyň taýýarlan ylmy-taslama işleriniň sergisi hem guraldy.

Ylymlar güni mynasybetli her ýyl geçirýän bu ylmy bäsleşik Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guralýar.