Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesilleriň kämil bilim almagy, watansöýüji, ýokary ahlakly, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi ugrunda alyp barýan beýik başlangyçlary «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda kalplary buýsanja hem guwanja besleýär. Ata Watana bolan beýik söýgä, ynsanperwerlige, hoşniýetlilige, dostluk ýörelgelerine ygrarly ýaşlarymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýetli wakalar, bagtly günler hem ýatdan çykmajak pursatlar bolup geçýär. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi bilen, ýaşlar telekeçiligine döwlet goldawyny bermek, ýaşlaryň bilim almagynyň üznüksizligini gazanmak maksady bilen, mekdep uçurymlary üçin harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürmek ýaly ençeme ýeňillikler ýaşlaryň köňül joşy bolup ýaňlanýar. Munuň özi ata Watanymyzyň özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, halkara abraýyny belende galdyrmakda we ykdysady kuwwatyny artdyrmakda ýaşlara bildirilýän uly ynamdan nyşandyr. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň öňünde goýan wezipelerine ygrarly bagtyýar ýaşlar bildirilen ynama jogap edip, döredijilikli zähmet çekýärler, ata Watana, il-güne gerekli şahsyýetler bolup ýetişmek ugrunda yhlasly edýärler.
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn üns berilýär. Çünki ýaşlar bilen bagly wezipeler döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi, munuň şeýledigine kabul edilen birnäçe maksatnamalar, asylly başlangyçlar hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle hem bilim ulgamynda öňdebaryjy tejribäni alyşmak maksady bilen, abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG, Ýewropa Bileleşigi, GDA bilen bu ulgamda hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär. Ýaşlaryň ylym ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak bilen baglylykda anyk çäreleri girizmek teklip edilýär. Ýaş raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, merdana halkymyzyň ruhy-ahlak hem medeni gymmatlyklaryny dünýä ýaýmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmetsöýerligi terbiýelemek, bilim goruny artdyrmaklyga höweslendirmek milli strategiýanyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Çünki geljekki ýurt eýeleri bolan ýaşlara uly ynamyň bildirilýändigini şanly ýylymyzyň şygary hem dolulygyna äşgär edýär. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmeklige, olaryň şahsy başarnyklarynyň ýokarlanmagyna, jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmaklaryny goldamaklyga, ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryny hem höweslendirmek wezipelerine uly üns berýär. Bagtyýar döwürde ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekde alnyp barylýan ýeňişli menziller, gazanylýan üstünlikler bilen Türkmenistan Watanymyzyň durnukly ösüşini üpjün edýän Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!
Berdimyrat KAKAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrap Geňeşiniň başlygy.