Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
— Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetine resmi agza bolmagy onuň ilkinji miweleriniň biridir. Munuň özi Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny görkezýär.
Ýaşlyk — ömrüň ýaraşygy. Ýaşlar — döwrüň ýaraşygy. Ýaşlyk ýyllarynda ýakym bar. Ýaşlaryň ykbalynda ýalkym bar. Çünki olar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň saýasynda, döredilen döwrebap mümkinçilikleriň saýasynda kemala gelen nesiller. Döredilen döwrebap mümkinçilikleriň oňyn netijesini bolsa, ýaşlaryň ýeňişleriň ýolunda gazanan üstünliklerinde görmek bolýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz ösüşli hem özgertmeleriň iň täze basgançaklaryna bedew bady we guşganat ruhy bilen gadam basýar. Ösüşleriňdir özgerişleriň aýdyň ýolundan beýik hem-de röwşen geljegine barýan ýurdumyzda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan syýasatymyz Garaşsyz, Bitarap döwletimizi syýasy, ykdysady, hukuk we medeni taýdan berk binýatly, kuwwatly ýurda öwürmekden, halkymyzy bagtyýar, parahat, eşretli durmuşda ýaşatmakdan ybaratdyr. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen jilweli jümläni ýürek senasyna öwrüp, Watanymyzyň daşyna berk gala ýaly jebisleşen agzybir halkymyz, şol sanda türkmen ýaşlary hem ýurdumyzyň syýasy durnuklylygyny, okgunly öňe gitmegini, ähli pudaklaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şeýle watanperwer ýaşlaryň kemala gelmeginde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň we onuň agzalarynyň mynasyp paýynyň bar.
Hormatly Prezidentimiz hem «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eserinde: «Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň guramagynda geçirilýän hem-de talyp ýaşlara ömrüň bahar çagynyň uly joşgun, ýakymlylyk bilen ýatlanylýan ajaýyp pursatlaryny bagyşlaýan «Talyp joşguny», «Berkarar döwletiň merdana gerçekleri», «Talyp gözeli», «Ýylyň talyby», çeper döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarýan «Berkarar döwletiň ylham joşguny» ýaly bäsleşikleri ýaşlaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine, olaryň döredijilik ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykmagyna oňyn ýardam edýär. Çünki bu bäsleşikleriň mazmunyny ata Watana, ene topraga, il-güne, jemgyýete söýgi duýgulary eýeleýär» diýip belleýär.
Pähim-paýhas ummany bilen ady äleme aýan bolan türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň adyny buýsanç bilen göterýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň iri jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolmak bilen, geljegimiz bolan ýaşlarymyzy watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýeläp ýetişdirmekde netijeli işleri durmuşa geçirýär. Bu gurama hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy üçin, ýaşlarda raýat jogapkärçiligini we zähmete söýgini ösdürip, olaryň şahsy-jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek ugrunda, ýaş nesliň öz hukugyny goramak başarnygyny ýokarlandyryp, olaryň jemgyýetçilik birleşmelerine işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek, eşretli ertirleriň eýeleriniň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döredip, aş zehinleriň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirmek, şeýle-de, halallyk we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylygy ýaşlaryň baş ýörelgesine öwürmek ugrunda ägirt uly maksatnamalaýyn işleri amala aşyrýar. Hut şoňa görä-de türkmen ýaşlary ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda guwandyryjy netijeleriň gazanylmagyna öz goşandyny goşup, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, ähli türkmen halkymyzyň beýik ynama ygrarlydygyny subut edýärler.
Biz — ýaşlar hem ynsanyň abraý-mertebesini, gadyr-gymmatyny hem hormat-hümmetini kesgitleýän halal zähmetimizdir yrylmajak yhlasymyzy beýik maksatlara ýetmek üçin baýdak edinjekdigimize ynandyrýarys. Ýaşlara nusgalyk görelde görkezýän Gahryman Arkadagymyza, türkmen nesillerini döwletimiziň kuwwatly güýjüne, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegine deňeýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Maede ABBASOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky
inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň
Dil öwreniş bölüminiň talyby.