logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Society /Ýaşlar başarnygyny görkezdiler
  02.03.2023
935
Ýaşlar başarnygyny görkezdiler

Tejen etrabyndaky döwrebap sport desgasynda ýaş ýangyn söndürijileriň arasynda sport bäsleşigi geçirildi. Ahal welaýat polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň Tejen etrap Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, TMÝG-niň Tejen etrap Geňeşiniň hem-de Tejen etrap Bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen bu bäsleşige etrapdaky orta mekdepleriň okuwçylaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar.

Ýaş ýangyn söndürijileriň arasynda geçen sport bäsleşiginde toparlar 100 metr aralykda päsgelçiliklerden geçmek, 400 metr aralykda estafeta ylgawyny geçirmek, şeýle hem ýangyn howpy ýüze çykanda, ýangyn söndüriji gurallaryň ulanylyşy bilen baglanyşykly bolan hereketleri düzgünlere laýyklykda ýerine ýetirmek arkaly özara bäsleşdiler. Çekeleşikli oýunlaryň gidişine we talabalaýyklygyna bellenilen aralyklarda goýlan eminler tarapyndan ýörite gözegçilik edildi.

Ata Watanymyzda okuwçy ýaşlaryň ýangyn howpuna garşy göreşmekde raýatlyk borçlaryna bolan düşünjelerini artdyrmak we ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri baradaky bilimlerini kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen bu sport bäsleşiginde erjellikde aýratyn tapawutlanan toparlar bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Şeýlelikde etrapdaky 40-njy orta mekdebiň ýaş ýangyn söndürijileri birinji, etrapdaky 42-nji orta mekdebiň ýaş ýangyn söndürijileri bolsa ikinji, üçünji orna bolsa 41-nji orta mekdebiň okuwçylary eýelemegi başardylar. Bäsleşigiň ýeňijileri ony guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy. Şeýle-de olar bu bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. 

 

Kuwwat ÖWEZDURDYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky 
Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşiniň
jogapkär işgäri.