Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanda CIET-2025 forumy geçiriler ✦ ✦ Ženewada bitaraplyk meselelerine bagyşlanan halkara forum geçirildi ✦ ✦ BMG-niň Baş Assambleýasy «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamany kabul etdi ✦ ✦ «Mahmyt Kaşgarlynyň Diwany lugat at-türk atly eserinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Daşkent şäherinde “Aşyk bolmuşam” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ Daşkentde “Magtymguly – dünýäniň akyldary we onuň pelsepesiniň häzirki döwürdäki ähmiýeti” atly maslahat geçirildi ✦ ✦ Himiýa boýunça halkara bäsleşikde türkmen talyplarynyň üstünligi ✦ ✦ Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I. Blinnikow adyndaky altyn medaly gowşuryldy ✦ ✦ Daşary ýurt dillerini öwretmekde innowasion tehnologiýalaryň orny ✦ ✦ Türkmenabatda täze himiýa toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Ýaşlar – ata Watanymyzyň nurana geljegi
  15.09.2023
870
Ýaşlar – ata Watanymyzyň nurana geljegi

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň şan-şöhratyny artdyrmakda, zamanamyzyň ösüşli menzillerini äleme ýaýmakda, eziz Watanymyzyň kuwwatly döwlete öwrülmeginde ylym-bilim ulgamynyň ýeten derejesi möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamynyň hem kämilleşdirilmegine gönükdirilen anyk wezipeler kesgitlenildi. Öňde goýlan bu ýörelgeleriň her biri babatda dünýä nusgalyk ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigi ählimizi, aýratyn-da biz ýaşlary diýseň buýsandyrýar.

 

Ýurdumyzda bu ulgamyň işini döwrebaplaşdyrmak, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, ilatymyzyň döwrebap ýaşaýşyny üpjün etmek, ylmyň-bilimiň pajarlap ösmegini gazanmak arkaly ony dünýä ülňülerine laýyk getirmek derwaýys meseleler hökmünde üstünlikli çözülýär, ulgamyň kanunçylyk-hukuk binýady yzygider berkidilýär. Alnyp barýan maksatnamalaýyn işleriň çäklerinde ylym-bilimi ösdürmek, ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmek, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk getirmäge, türkmen ylmyny ösdürmäge gönükdirilen bilim özgertmeleri ýaşlaryň bilim, ylym we hünär taýýarlygynyň dünýä derejesinde  ýokary göterilmegini, Watanymyzyň halkara jemgyýetçiliginiň ösen, kuwwatly ýurtlarynyň birine öwrülmegini üpjün etýär.

 

Netijede, döwletimiz dünýä jemgyýetçiligine ynamly aralaşýar. Bularyň ählisini bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler aýdyňlygy bilen doly subut edýär.

 

Bulardan başga-da, hünärmenleriň taýýarlyk derejelerini kämilleşdirmeklige yzygiderli üns berilýär, dünýä tejribesine laýyklykda bilim bermekligiň öňdebaryjy usullary ornaşdyrylýar.

 

Ylym adamzady kämilleşdirýän, daşky dünýä düşünmäge ýol açýan,  yzygiderli özleşdirilýän gymmatly baýlykdyr. Bilim we ylym adamzat üçin müdimi zerurlykdyr, gymmatly baýlykdyr. Islendik döwletiň ösüşi, kuwwaty, aýdyň geljegi ylymly-bilimli ýaşlara bagly bolup durýar. Ylym-bilim almak, hünär öwrenmek ýaşlar üçin gapysyny giňden açan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar ýaşlaryň esasy maksady bolmalydyr.

 

Ýaşlaryň kämil, ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin olaryň saýlap alan hünäri boýunça nazaryýetde alan bilimlerini tejribäniň üsti bilen kämilleşdirmeklerine hem giň ýol açylýar.

 

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, bilim ulgamynyň, ylym-bilim ojaklarynyň düzümi ýylsaýyn kämilleşdirilýär. Sanly ykdysadyýetiň ylym-bilim edaralaryna ornaşdyrylmagy talyp ýaşlara zerur bolan okuw gollanmalarynyň elýeterliligini doly üpjün edýär.

 

Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda döwlet derejesinde şeýle uly ünsüň berilmegi mähriban raýatlarymyzda berkarar döwletimize, özgerişli döwrümize hem-de asuda ýurdumyza bolan buýsanç duýgusyny goşalandyrýar, Türkmenistan döwletimiziň has-da pajarlap ösmegi, dünýä ýüzündäki at-abraýynyň artmagy ugrunda yhlasly hem-de döredijilikli zähmet çekmeklige ruhlandyrýar.

 

 

Orazgül ŞANUROWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.