logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ýaş nesliň kämilligi ugrunda
  25.09.2026
136
Ýaş nesliň kämilligi ugrunda

Milli Liderimiziň 2-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagynda nygtan zatlary mugallymlary, talyplary, okuwçylary täze üstünliklere ruhlandyrdy. Munuň şeýledigini maslahatlarda, duşuşyklarda, gepleşiklerde, milli metbugatymyzda edilýän çykyşlar hem ähli aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bilim işgärleri, talyplary bilen duşuşyp, giň gerimde okuw sapagyny geçmegi, bilimi ösdürmäge, ylym bilen meşgullanýanlaryň sanyny artdyrmaga, zehinli hünärmenleri ýüze çykarmaga döwlet tarapyndan jogapkärçilikli çemeleşilýändigini alamatlandyrýar.

 

Bize eždatlarymyzdan «Ata Watan aman bolsa, reňki-roýuň saman bolmaz», «Watanyň tüssesi ýat iliň odundan ýagşy» diýen parasatly sözler ýadygär galypdyr. Munuň aňyrsynda bolsa watançylygyň, belent adamkärçilik ideallarynyň ýatandygy ählimiz üçin äşgär hakykat. Gahryman Arkadagymyzyň hem örän möhüm, esasy garaýyşlaryny paýlaşmak maksady bilen geçen umumy okuw sapagynda, ilkinji nobatda watançylyk temasyna ýüzlenmegi, ata-babalarymyzyň ýoluny mynasyp dowam etdirmekden gelip çykýar. Häzirki wagtda ýaşlar ýurdumyzyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýärler. Depginli ösüşleri gazanmakda,  ählumumy abadançylygy üpjün etmekde, eziz Diýarymyzyň halkara abraýyny belende götermekde ýaşlaryň roly uludyr. Şonuň üçin hem olara bildirilýän ynamy ödemek üçin yhlas edip, öňde goýlan maksatlary durmuşa geçirmek ugrunda zähmet çekmek zerurdyr.

 

Milli Liderimiz «Watan iň beýik mukaddeslikdir» diýip belläp geçýär. Şeýle diýmek bilen Gahryman Arkadagymyz şol bahasyz gymmatlygyň at-abraýynyň ýokarlanmagynyň köp babatda jemgyýetiň esasy bölegi hasaplanýan ýaşlara baglydygyny belleýär. Şonuň üçinem başarnygy bolan ýaş hünärmenler, daşary ýurt saparlaryna yzygiderli ugradylýar. Türkmen ýaşlary dünýäniň abraýly ýokary okuw jaýlarynda bilim alýar. Bu hut Milli Liderimiziň öz ýolbaşçylygynda binýady goýlan işler bolup, ol häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär.

 

Güljemal ALLAGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.