Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦ ✦ Türkmen tennisçileri halkara ýaryşda baýrakly orunlary eýelediler ✦ ✦ Bitaraplygyň buýsanjy ✦ ✦ Лучший студент тюркских народов –Давуд Довлетов ✦ ✦ Türki halklaryň iň gowy talyby – Dawut Döwletow ✦ ✦ Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistanda dil bilimini ösdürmek üçin täze kitap ✦ ✦ Täze dil gollanmasy okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk:Sanly serhedi goramak ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Ýaş alymyň üstünlikleri
  23.06.2024
383
Ýaş alymyň üstünlikleri

Bäşimow Arslan häzirki wagtda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa fakultetiniň geografiýa hünärinde bilim alýar.

 

Ýaş zehinli talyp üstümizdäki ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň “Ýaş alymlar geňeşiniň” guramagynda geçirilen Ýaş alymlaryň bäsleşiginde “Tebigy, taryhy we medeni ýadygärlikleri fotogrammetriýanyň esasynda 3D görnüşde öwrenmegiň ähmiýeti” atly işi bilen ýeňiji bolmagy başardy.

 

Yhlasly, ylma höwrügen talybyň başga-da üstünlikleri hakda belläp geçsek, ol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli binagärligiň ösüşi alty binagärlik-taslama bäsleşigine özüniň “Seýitjemaletdin ýadygärlikler toplumyň wirtual syýahady” atly taslama işi bilen gatnaşyp, baýrakly I orny eýeleýär.

 

Bäşimow Arslan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yzygiderli geçirilýän bäleşiklerde, olimpiadalarda ýokary işjeňlik görkezýär. Şeýle bäsleşikleriň hatarynda Inžener-tehnologiýa uniwersiteti tarapyndan  gurnalan Innowasion tehnologiýalaryň bäsleşigini, Türkmenistanyň Bilim Ministrligi we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we gaz uniwersitetiň “Maglumat tehnologiýalary bilim, ylym we saglyk ulgamlarynda” atly taslama bäsleşigini, Ylymlar güni mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ýaş mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, magistrleriniň, talyplarynyň arasynda geçirilen ylmy taslama, şeýle hem  programma üpjünçiligi ugrundan geçirilen taslama bäsleşiklerini buýsanç bilen bellemek bolar.    

 

Ylymlar güni mynasybetli Ýaş alymlar merkeziniň gurnamagynda ýaş alymlaryň we talyp ýaşlaryň arasynda geçirilen “Ylymlar ýaşlar berkararlygyň binýady” atly ylmy taslamalar bäsleşiginde, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan geçirilen “Sanly innowasiýalar” bäsleşiginde, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylyna bagyşlanan Halkara Ylmy-amaly maslahaty we sergisinde hödürlän taslama işi bilen tapawutlanyp, I orny eýeleýär.  

 

Ýaş alym halkara derejesinde geçirilýän olimpiadalarda hem ýurdumyzyň abraýyny ýokary galdyrmakda yhlasyny gaýgyrmaýar. Ol dürli ýyllarda “V Международный конкурс молодых учёных имени Ломоносова”,  “IX международный научно- исследовательский конкурс лучшая студенческая работа 2023”, “Молодой учёный года 2023”, “Лучшие научные проекты и исследования 2023”, “Между прошлым и будущим: международный конкурс по студенческим исследования истории, философии, культуры, и социум” , “XII Международном научно-исследовательском конкурсе” “Молодой Учёный Года 2024”, “Международный научно-исследовательский конкурс СТУДЕНТ ГОДА 2024” , “Международный научно-практически журнал Мировая наука” , “Международный научно-практически журнал Форум молодых учёных” ýaly halkara bäsleşiklerinde guwandyryjy netijeleri gazandy we köpsanly halkara neşirlerinde özüniň ylmy döredijiligi bilen yzygiderli çykyş edip gelýär.