logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ýangyn howpsuzlygy üçin arassaçylyk işleri geçirilýär
  25.08.2020
1029
Ýangyn howpsuzlygy üçin arassaçylyk işleri geçirilýär

     Şu günler howanyň gaty gyzmagy sebäpli ýerlerde ýangyn howpsuzlygy üçin degişli çäreler geçirilýär. Ýollaryň gyrasyndaky, edara-kärhanalaryň töwereklerini haşal otlardan arassalamak işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Gökdepe etrap bilim bölümine degişli bolan orta mekdeplerde we çagalar baglarynda-da arassaçylyk işleriniň ýerine ýetirlişine yzygiderli gözegçilik edilýär.

       Şeýle-de bilim işgärleri öz edaralarynda we özlerine berkidilen ýol gyralaryndaky ýerlerde ýowar edip, baglaryň aşaklaryny otap, depip-dyrmylap, baglary we gülleri suwarýarlar. “Çekseň zähmet – ýagar rehnet” diýlişi ýaly Aşgabat-Gökdepe gara ýolunyň aralygyndaky baglaryň aşagyna ekilen güller oňat gögerip, ýoluň gözelligini artdyrýar. Ýol gyralaryna ekilen baglaryň oňat timarlanmagy we daş töwerekleriniň arassa saklanmagy ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek syýasatynyň giňden dabaralanýandygyna şaýatlyk edýär.

       Şeýle hem ýollaryň gyrasyndaky baglaryň we ekin meýdanlarynyň gyralarynda sürüm işleriniň yzygiderli geçirilmegi ýangyna garşy göreş çäreleriň esasylarynyň biridir.