logo

Latest news:
✦ Türkmen topary «Circus Sea Breeze» sirk toplumynda çykyş etdi ✦ ✦ Ugandanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň pawilýonynyň taslamasyny düzmek we gurmak barada halkara bäsleşik yglan edildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦
Home / Interesting /Ýakyn ýyllarda zerurlyk duýuljak esasy başarnyklar
  16.01.2023
1470
Ýakyn ýyllarda zerurlyk duýuljak esasy başarnyklar

Häzirki innowasiýalaryň ösen eýýamynda gündelik durmuşymyza çalt depginde ornaşýan sanly ulgam köptaraplaýyn täsirini ýetirýär. Bu ýagdaý bar bolan käbir hünärleriň zerurlygyny azaltmak bilen bir hatarda täze hünärleri döretmegi hem şertlendirýär, şeýle hem bu ýagdaý täze başarnyklary öwrenmegimize-de ýardam edip biler. Sanly ulgamyň durmuşymyza ornaşmagy bilen ýakyn ýyllarda hünärmenleriň işe bolan ukyplary belli bir derejede üýtgär. Maglumatlara görä, 2025-nji ýyla çenli zähmetiň öndürijiliginiň sanly ulgama geçmegi ençeme iş orunlaryň ýok bolmagyna sebäp bolup biler. Ýakyn ýyllarda esasy zerurlyk duýuljak hünärlere maglumat bilen işleýän ylmy hünärmenler, emeli zehin boýunça işgärler, sanly marketing boýunça hünärmenler, awtomatlaşdyrmak boýunça hünärmenler, hususy telekeçilik ugrundan zähmet çekjek hünärmenler degişli bolup durýar.

Tehnologiýanyň durmuşymyza has işjeň ornaşdyrylmagy bilen täze zerurlyk duýuljak başarnyklaryň hem üýtgemegine garaşylýar. Öňümizdäki bäş ýylda şol bir wezipede işlerini dowam etdirmek isleýänler başarnyklarynyň 40 göterimini täzelemeli bolarlar. Iş bilen üpjün edijileriň pikirine görä, täze başarnyklara bolan talap has hem ýokarlanar. 

Ýakyn ýyllarda hünärmenlerden talap ediljek esasy başarnyklar: 

- Analitik pikirlenmek ukybyna we innowasiýalara açyk bolmak.
- Yzygiderli öwrenmegi endik edinmek.
- Çylşyrymly meseleleri çözmegi başarmak.
- Tankydy pikirlenmek we seljerme ukyby ösdürmek.
- Döredijilik we täze başlangyçlary teklip etmegi başarmak.
- Kämil tehnologiýalary ulanmagy başarmak, dolandyrmak we gözegçilik etmek.
- Tehnologiýa dizaýny we programma ýazmak.
- Dürli stresli ýagdaýlardan baş alyp çykmak.
- Sebäpleri ýüze çykarmak we olary çözmek.
 

Elbetde bu täze başarnyklary öwrenmek belli bir derejede wagt we şert talap edýär. Bilermenleriň aýtmagyna görä, köpçülik bilen işleşýän, medeniýet, ýazuw we marketing ugurlarynda işleýän hünärmenlere bu başarnyklary öwrenmek üçin 1-2 aý, maglumat we emeli aň ugrundan işleýän hünärmenlere 2-3 aý, «bulut» tehnologiýasynda işleýän hünärmenlere we inženerlere dört aýa çenli wagt gerek bolup biler.  

 

Ilmyrat BAÝRAMOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.