Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Wul­kan­lar ba­ra­da tä­sin mag­lu­mat­lar
  26.01.2023
1902
Wul­kan­lar ba­ra­da tä­sin mag­lu­mat­lar

Wul­kan­lar, adat­ça, dag ge­riş­le­rin­de duş ge­lip, Ýer gat­la­gy­nyň as­tyn­dan gaz, gyz­gyn mag­ma (su­wuk hal­da­ky gyz­gyn mas­sa) ýa-da kül pür­küp çy­kar­ýar­lar.

Wul­kan­lar, köp­lenç, tek­to­ni­ki pli­ta­la­ryň gal­taş­ýan ýe­rin­de ga­bat gel­ýär. Wul­kan­lar iş­jeň, uku­da­ky hem-de sö­nen wul­kan­lar di­ýen to­par­la­ra bö­lün­ýär. Bir­nä­çe ýyl­dan atyl­ýan wul­kan­la­ra iş­jeň wul­kan­lar di­ýil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da atyl­ma­dyk, em­ma part­la­ny­na en­çe­me ýyl bo­lan we ha­çan atyl­ja­gy hem bel­li bol­ma­dyk wul­kan­lar uku­da­ky to­pa­ra de­giş­li ha­sap­lan­ýar. Soň­ky ge­zek part­la­ny­na ýüz­ler­çe ýyl bo­lan wul­kan­la­ra sö­nen wul­kan­lar di­ýil­ýär. Şeý­le-de bol­sa ola­ryň hem ha­çan part­la­jak­dy­gy bel­li däl.

Haý­ran gal­dy­ry­jy te­bi­gy tä­sin­lik bo­lan wul­kan­la­ryň şe­ki­li we ulu­ly­gy dür­li-dür­li bol­ýar. Olar şe­kil ba­bat­da, esa­san, iki to­pa­ra bö­lün­ýär – ga­ry­şyk hem-de ýal­pak wul­kan­lar. An­tark­ti­ka­da­ky Ere­bus da­gy Ýe­riň iň gü­nor­ta­syn­da­ky iş­jeň wul­kanly ýer ha­sap­lan­ýar. Dag Gü­nor­ta pol­ýu­syň ikin­ji be­ýik no­ka­dy bo­lup, be­ýik­li­gi 3794 met­re ýet­ýär.

In­do­ne­zi­ýa, Ýa­po­ni­ýa we ABŞ dün­ýä­niň iň köp iş­jeň wul­ka­ny bo­lan ýurt­la­r ha­sap­lan­ýar.

Ga­wai ada­sy­nyň Mau­na Loa da­gyn­da­ky wul­kan iň be­lent­de ýer­leş­ýän wul­kan ha­sap­lan­ýar. Onuň be­lent­li­gi 4100 metr­den gow­rak­dyr. Bu ýer­de soň­ky ge­zek 1984-nji ýyl­da part­la­ma bol­dy.

Ýer ýü­zü­ne çy­kan wag­ty la­wa­la­ryň gyz­gyn­ly­gy 1 müň 250 de­re­je bol­ýar.

We­ne­ra Gün ul­ga­myn­da has köp wul­ka­nyň ga­bat gel­ýän pla­ne­ta­sy ha­sap­lan­ýar.

Mars­da­ky Olimp da­gy iş­jeň wul­kanly ha­sap­lan­ýar.

1971-nji ýyl­da «Ma­ri­ner 9» kos­mos gä­mi­si ar­ka­ly üs­ti açy­lan da­gyň be­ýik­li­gi 22 ki­lo­met­re ýet­ýär. Mars­da baş­ga-da bir­nä­çe dag­lar we wul­kan­lar ga­bat gel­ýär. 

 

Gülaýym GELDIMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.