logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Sport /Woleýbol ýaryşy geçirildi
  19.05.2023
1002
Woleýbol ýaryşy geçirildi

Golaýda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda  Tejen etrap bilim bölüminiň hem-de Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda etrabyň 36-njy orta mekdebiniň sport meýdançasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.

Bu ýaryşa etrabyň orta mekdepleriniň mugallymlaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar. Ýaryş ähli toparlar üçin hem diýseň gyzykly geçdi.

Diýseň çekeleşikli geçen bäsleşigiň ahyrynda oňat taýynlykly gelen 15-nji orta mekdebiň topary üstünlikli çykyş edip 1-nji orny eýelemegi başardylar. Şeýlelikde 2-nji orny 40-njy mekdep, 3-nji orny bolsa 36-njy mekdebiň mugallymlary eýelemegi başardylar.

Ýaryşda ýeňiji bolan toparlara Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. 

 

Myrat ÇARYÝEW,

Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler 
arkalaşyklarynyň Tejen etrap 
Geňeşiniň başlygy.