Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Sanly çözgütler bilen ykdysadyýetiň täze keşbi ✦ ✦ Edebiýat we pedagogika — ýaşlaryň ruhy ýolbeletleri ✦ ✦ Gadymy hünäriň eýesi: Daşoguzly ussa ýokary ada mynasyp görüldi ✦ ✦ Türkmen alabaýynyň halkara güwänamasynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ “Merkezi Aziýa + ABŞ” işewürlik forumy geçiriler ✦ ✦ Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň üçünji duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý gatnaşyklary berkeýär ✦ ✦ Sanly ulgam - ykdysadyýetiň ösüşi ✦ ✦ Nemes dilini öwretmekde internet platformalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Daşary ýurt dillerini öwretmekde döwrüň talaby ✦
Baş sahypa / Sport /Woleýbol ýaryşy geçirildi
  11.04.2023
677
Woleýbol ýaryşy geçirildi

Hormatly Prezidentimiz ähli ugurlar bilen bilelikde sport ulgamyna hem uly üns berýär. Ýaşlaryň sagdyn, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Geçirilýän sport bäsleşikleriniň sany gün-günden artýar. Şeýle bäsleşikleriň biri-de ýakynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda «Saglyk» aýy mynasybetli Tejen etrap bilim bölüminiň hem-de Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda «Sport saglygyň girewidir» etrabyň 42-nji orta mekdebiniň sport zalynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça  geçirildi. Bäsleşigiň ähli toparlarynyň düzüminde hem bilim ulgamynda zähmet çekýän sporta höwesli Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary çykyş etdiler.

Bu ýaryşa etrabyň orta mekdepleriniň mugallymlaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar. Ýaryş ähli toparlar üçin hem diýseň gyzykly geçdi. Janköýerler öz toparlaryny ýaryşyň soňuna çenli goldamagy başardylar.

Birnäçe tolgundyryjy pursatlar bilen geçen bäsleşigiň ahyrynda oňat taýynlykly gelen 7-nji orta mekdebiň woleýbolçy mugallymlary üstünlikli çykyş edip 1-nji orny eýelemegi başardylar. Şeýlelikde 2-nji orny 42-nji mekdep, 3-nji orny bolsa 5-nji mekdebiň mugallymlary eýelemegi başardylar.

Ýaryşda ýeňiji bolan toparlara Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 

 

Myrat ÇARYÝEW,

Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler 
arkalaşyklarynyň Tejen etrap 
Geňeşiniň başlygy.