Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ “Ýol hereketiniň howpsuzlygy- ömrümiziň rahatlygy” ✦ ✦ «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygy başlandy ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň awgust sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ ÝB - Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk forumy geçirildi ✦ ✦ TIF 2025 Awazada geçiriler ✦ ✦ Halk Maslahaty — milli demokratiýanyň nusgasy ✦ ✦ Aşgabatda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-nyň sammitine gatnaşdy ✦ ✦ Awaza Forumynyň jemleri ✦ ✦ Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli döwrebap bilim desgalary ulanylmaga berler ✦
Baş sahypa / Sport /Welosport barada kelam agyz...
  07.01.2023
1162
Welosport barada kelam agyz...

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda welosport barha ösdürilýär, onuň bilen gyzyklanýan ýaş nesliň we beýleki dürli ýaşdaky adamlaryň sany barha artýar. Häzirki wagtda welosiped söýüjileriň barha hem artmak bilen, ýer ýüzünde bir ýarym milliarddan gowrak adamyň welosiped sürmegi halaýandygy kesgitlenildi. Ulagyň bu görnüşi ynsanyň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi diýen ýaly. Şol bir wagtda welosiped ekologik taýdan arassa ulagdyr. Şonuň üçin hem dünýä ýüzünde oňa bolan gyzyklanma diýseň uludyr. 

Welosiped iň täsirli tehnologiýa serişdeleriniň biri bolup, ol taryhy nukdaýnazardan alanyňda hem has aýdyň duýulýar. Welosipediň kämilleşmegi maşyngurluşyk pudagynyň kämilleşmegini hem öz içine alýar. Welosiped sürmeklik bilen daşky gurşawa ýetirilýän oňyn täsirler artyp, ol global ýylylyga, ozon gatlagynyň ýukalmagyna päsgelçilik döredýär. Onuň köpçülikleýin ulanylmagy biodürlülige zyýanly täsirini ýetirmeýär. Welosiped sürmeklik bilen howa zyňylýan zyýanly garyndylaryň, tozanjyklaryň howadaky mukdary hem ep-esli derejede peselýär. Tutuş dünýä ýüzünde her ýyl Bütindünýä welosiped gününiň geçirilmegi-de welosporta berilýän uly ünsden nyşandyr.

Maglumatlara görä, iň köp welosiped sürýän ilatly ýurt Hytaý hasaplanylýar, emma welosiped sürmeklik Niderlandiýada has-da meşhurdyr. Ýurduň paýtagty Amsterdam şäherine «welosipedleriň şäheri» diýlip ýöne ýere aýdylmaýar. Bu ýerde hemme zat welosiped bilen baglanyşykly bolup, welosipedleriň awtoulaglara bolan gatnaşygy haýran takmynan 300:1 deňdir.

Häzirki wagtda tutuş dünýä ýüzünde sportuň bu görnüşine bolan höwes barha artyp, bu ugurda dürli ýaryşlar yzygider gurnalýar. Şu güne çenli welosiped sürmekde dünýä rekordlary bolup, welosiped sürüjileriň arasynda şu güne çenli täzelenilmedik 2 sany rekord bar, ýagny amerikaly Maýkl Sikrest bir gije-gündizde 1958 km aralygy geçipdir. Daniýanyň raýaty bolan we şol wagt 50 ýaşyndaky Fred Rompelberg bolsa welosipediň tizligini sagatda 268,83 kilometre ýetirmegi başarypdyr. 

 

Maýsa ÝUSUPOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.