logo

Latest news:
✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦ ✦ Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary ✦ ✦ Bagşy Döwletgeldi Ökdirow ✦ ✦ Seulda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Buharestde ýylyň şygaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi ✦ ✦ TDYDI-de Startup bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Telekeçilik — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Ýaş telekeçiler ýurduň innowasion geljegi ✦ ✦ «Türk­me­nis­tan — Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi» işe­wür­lik mas­la­ha­ty geçirildi ✦ ✦ Türkmen tebigy gazynyň eksport mümkinçiligi artýar ✦
Home / Sports /Welosiped sporty
  07.04.2023
854
Welosiped sporty

Hereketde bolmak bedeniňi berkitmekdir. Emma adam bedeniniň taplanmagynda, berkemeginde hereketleriň hersiniň aýratyn täsiriniň bardygy-da bellärliklidir. Olaryň iň peýdalylarynyň biri-de tigir sürmekdir. Welosiped sporty bilen meşgullanmak, esasan hem, aýagyň dyz we daban bölekleriniň işjeňliginiň artmagyna, oňurga süňkleriniň hereketde bolmagyna, myşsalaryň kadaly işlemegine oňaýly täsir edýär. Galyberse-de, bu peýdaly endik adamyň ýürek-damar gan aýlanyşygynyň we dem alyş ýollarynyň has-da gowulanmagyna, süýji keseliniň döremek howpunyň ep-esli derejede azalmagyna hem öz oňyn täsirini ýetirýär.

Welosiped sporty öz taryhyny XIX asyryň başlaryndan alyp gaýdyp, ony gündelik durmuşda hemişelik endige öwrenleriň sany soňky ýyllarda görnetin artdy. Biz bu hakykaty sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy diýlip yglan edilen güneşli Türkmenistanyň mysalynda hem aýdyň görýäris. Çünki ýurdumyzda welosiped sporty bilen halk köpçüliginiň giňden meşgullanmagy, sportuň bu görnüşiniň sazlaşykly ösdürilmegi ugrunda maksatnamalaýyn işler yzygiderli alnyp barylýar.

Welosiped ekologiýa taýdan hem arassa ulag hasaplanylyp, ol saglygy goraýşa, ýol hereketini kadalaşdyrmaga, şeýle hem sporta bolan elýeterliligi üpjün etmäge oňaýly täsir edýär. Welosipedli gezelenç göwnüňi göterýär, şähdiňi açýar, degna ulgamyny pugtalandyrýar, tolgunmalaryňy azaldýar.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni indi parahatçylygyň we dostlugyň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň halkara baýramyna öwrüldi. 

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.