Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Garaşsyzlyk — üstünliklerimiziň özeni ✦ ✦ Ýaşlara berilýän terbiýäniň şu ýylky özeni Änew medeniýeti we Magtymguly Pyragynyň döredijiligi boldy ✦ ✦ Babamyrat Hamdamow 84 ýaşynda aradan çykdy ✦ ✦ Türkmenistanda Koreýa Respublikasynyň Ilçisiniň 12-nji taekwondo kubogy geçirildi ✦ ✦ Tejen şäherinde oglanlaryň arasynda sportuň kiçi “Futbol” görnüşi boýunça açyk çempionaty geçirildi ✦ ✦ Mekdebe çenli bilim ulgamynda çagalaryň irki ösüşine uly üns berilýär ✦ ✦ Tejen etrabynda wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi ✦ ✦ “Milli mirasymyz  genji hazynamyz” ady bilen wagyz-nesihat  ýygnagy geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda halkara 'Kids Ekspo: Ähli zat çagalar üçin' sergi-ýarmarkasy geçirildi ✦ ✦ Awazada Hazar deňzi güni durnukly ösüşe bagyşlanyp bellendi ✦
Baş sahypa / Sport /Welosiped sportunyň ýokary depginde ösdürilýän ýurdy
  03.06.2024
220
Welosiped sportunyň ýokary depginde ösdürilýän ýurdy

Bütindünýä welosiped güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar.

 

Her ýylyň 3-nji iýunynda Ýer ýüzüniň çar künjeginde bellenilýän Bütindünýä welosiped güni Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde aýratyn sarpa, söýgi bilen garşylanyp, ählihalk derejesinde giňden toýlanýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde geçirilen 72-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi döwletimiziň dünýä ýüzünde at-abraýynyň belentdigini ýene bir ýola görkezmek bilen birlikde, Ýer ýüzünde sagdyn durmuş ýörelgesiniň, sportuň ýaýbaňlanmagy babatda hem ýurdumyzda nusgalyk işleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.

 

Türkmenistanyň soňky ýyllarda sportuň köp görnüşleriniň, şol sanda welosiped sportunyň ýokary depginde ösdürilýän ýurdy hökmünde uly abraýa eýe bolýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şanly senelere bagyşlanyp köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň guralmagy, «awtoulagsyz günleriň» geçirilmegi munuň aýdyň subutnamalary bolup, bu çäreler ekologik abadançylygyň ýokarlandyrylmagynda, halkymyzyň saglygynyň berkidilmeginde hem-de dünýäde iň arassa ulag hökmünde ykrar edilen welosipediň we welosiped sportunyň wagyz edilmeginde örän ähmiýetlidir.

 

Aşgabatda 2018-nji ýylda welosiped sürmek boýunça iň köp sanly ildeşlerimiziň gatnaşmagyndaky okuw sapagynyň, ýagny «Iň köpçülikleýin tälim beriş sapagynyň», şondan bir ýyl soňra paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde «Iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýörişiň» geçirilmegi, bu çäreleriň ikisiniňem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi, gözel paýtagtymyzda 2020-nji ýylda «Welosiped» binasynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy ýurdumyzda sportuň bu görnüşini ösdürmekde hem-de wagyz etmekde ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyny nobatdaky gezek görkezdi.

 

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurdumyzyň Olimpiýa şäherçesiniň «Welotrek» sport toplumynda 27-nji maý — 3-nji iýun aralygynda «Siz bilen sportda gadamlar batly //Ak geljege ýörelgämiz, Arkadag!» atly welotrek boýunça Türkmenistanyň birinjiligi öz işine başlady.

 

Maksat MERDANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.