logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Culture /Watanymyzyň Döwlet nyşanlarynyň hormatyna sungat ussatlarynyň konserti
  18.05.2024
635
Watanymyzyň Döwlet nyşanlarynyň hormatyna sungat ussatlarynyň konserti

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary bu şanly senäni aýratyn wasp etdi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy hem-de Döwlet baýdagy ýurdumyzyň garaşsyzlygynyň, agzybirliginiň we ösüşleriniň nyşanydyr. Bu milli baýramçylyk halkymyzyň demokratik ýörelgelere, ynsanperwer gymmatlyklara ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz bu şanly sene mynasybetli halkymyzy gutlap, baýramçylyk dabaralarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne ruhy joşgun berjekdigini belledi.

Baýramçylyk konserti “Oguz hanyň pendi bir beýik taglym,//Parlap duran ýaşyl tuguňa tagzym!” atly edebi-sazly kompozisiýa bilen başlandy. Ony ýurdumyzyň halk artistleri, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hory, Baş akademiki drama teatrynyň artistleri ýerine ýetirdiler. Konsertde aýdym-saz, tans we teatr sungaty utgaşyp, dabaranyň belent ruhda geçmegini üpjün etdi.

Sahnada meşhur aýdymçylar we sazandalar çykyş etdiler. Tomaşaçylar “Arkadagly Gahryman Serdar bilen!” hem-de Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen “Türkmeniň” atly aýdymlary aýratyn joşgun bilen garşyladylar. Halkyň buýsanjyny alamatlandyrýan “Monjugatdy”, “Mirasyň dürdäneleri”, “Türkmen toýy” ýaly çykyşlar hem giňden wasp edildi.

Döwlet tans toparynyň we “Galkynyş”, “Näzli”, “Meňli”, “Miras”, “Serpaý” ýaly toparlaryň çykyşlary baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrdy. Dabaranyň esasy pursatlarynyň biri bolsa gadymy “Küştdepdi” tansynyň ýerine ýetirilmegi boldy. “Laçyn” folklor toparynyň ýerine ýetiren bu tansy milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi hökmünde tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Konsert “Alkyş Size, Gahryman Arkadagly Serdarymyz!” atly aýdym bilen jemlenildi. Şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda hem konstitusiýa we baýdak güni mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu çäreleriň ählisi türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna goýýan belent sarpasynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Çeşme: TDH