logo

Latest news:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Home / Society /Watan gerçekleri halkymyzyň baky hakydasynda
  11.05.2021
748
Watan gerçekleri halkymyzyň baky hakydasynda

    Gaýduwsyzlyk, edermenlik, watansöýüjilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alýan milli aýratynlyklarynyň hem-de asylly häsiýetleriniň biri hasaplanýar. Geçen asyryň taryhyna iň aýlyganç jeň bolup giren 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň ýüreklere salan ýarasy henizem ynsan kalbynda alowlap dur. Bu söweşde gahrymanlarymyz mertligiň-merdanalygyň hakyky nusgasyny görkezdiler. Ondan bäri 76 ýyl geçdi. Emma henizem şol gazaply söweş halkymyzyň hakydasyndan gidenok. Ol aýlyganç günleri unutmak asla mümkin däl. Urşuň nähili elhençdigini, adamzadyň ykbalyna ýowuz daraýandygyny diňe oňa gatnaşanlar bilýär. Urşuň gazaply ýyllarynda Türkmenistanyň ähli halky ruhdan düşmän beýik ýeňşe, ýagty geljege tarap ynamly garap, ruhdan düşmän, yhlasly zähmet çekdiler. Duşmanyň garşysyna alnyp barlan deň bolmadyk söweşlerde türkmen esgerleri janlaryny aýaman, duşmana garşy mert durup, halkymyzyň azatlygy, erkinligi üçin gahrymanlarça söweşip, wepat boldular. Hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhammet Annaýew hem eline ýarag alyp, Beýik Watançylyk urşunda duşmana garşy edermenlik we jan aýaman söweşmek bilen, gaýduwsyzlygyň we mertligiň belent nusgasyny görkezdi. Berdimuhammet Annaýewiň görkezen edermenligi biziň üçin Watançylygyň, wepalylygyň belent nusgasy bolup durýar. Şeýle Beýik ynsanyň ömrüni, durmuşyny öwrenmek nesilleri terbiýelemek işinde örän möhümdir. Hormatly Prezidentimiziň “Äläm içre at gezer” romanynda Berdimuhammet Annaýewiň il-ýurt goragyna gezek gelende, beýik Watançylyk göreldesini görkezendigi baradaky gymmatly parçalary belent buýsanç bilen okaýarsyň. Halkymyz beýik gahrymanlaryny hiç haçan unutmaýar. Pederlerimiziň yhlasy ýerine gowuşdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda berk binýatly Ata Watanymyzyň aýdyň geljegi diňe nurana ösüşlere beslenýär.