logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
  04.05.2023
791
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Tejen etrap birleşmesiniň iş meýilnamasy esasynda etrap Hassahanasynda türkmen halkynyň baý medeni-mirasyny halkymyza ýetirmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga mährem enelerimiz, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynda hem-de hassahanada zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen milli-medeni mirasymyzyň, ruhy gymmatlyklarymyzyň, pederlerimizden miras galan kämil däp-dessurlarymyzyň aýawly saklanmagy, içgin öwrenilmegi we dünýäde wagyz edilmegi babatda hemme şertleriň döredilýändigi, munuň bolsa ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde hem-de ata Watanymyzyň şöhratly taryhyna, merdana pederlerimiziň şöhratly geçen ýoluna, abraýyna gyzyklanma döretmekde aýratyn ähmiýete eýe bolýandygy, türkmen halkynyň milli mirasyny, medeni gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny, edep-terbiýäni hem-de edim-gylymlarymyzy, türkmen zenanyna mahsus bolan milliligimizi, gaýyn-gelin gatnaşyklaryny, edep-terbiýe, keşde-gaýma, haly sungaty hem-de enelerimiziň durmuş tejribesi barada giňişleýin durup geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy giňden öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler. 

 

Maral  AKYÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň 
Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň esasy hünärmeni,
Zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.