Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanda CIET-2025 forumy geçiriler ✦ ✦ Ženewada bitaraplyk meselelerine bagyşlanan halkara forum geçirildi ✦ ✦ BMG-niň Baş Assambleýasy «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamany kabul etdi ✦ ✦ «Mahmyt Kaşgarlynyň Diwany lugat at-türk atly eserinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Daşkent şäherinde “Aşyk bolmuşam” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ Daşkentde “Magtymguly – dünýäniň akyldary we onuň pelsepesiniň häzirki döwürdäki ähmiýeti” atly maslahat geçirildi ✦ ✦ Himiýa boýunça halkara bäsleşikde türkmen talyplarynyň üstünligi ✦ ✦ Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I. Blinnikow adyndaky altyn medaly gowşuryldy ✦ ✦ Daşary ýurt dillerini öwretmekde innowasion tehnologiýalaryň orny ✦ ✦ Türkmenabatda täze himiýa toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Wagyz nesihat duşuşygy geçirildi
  13.04.2023
604
Wagyz nesihat duşuşygy geçirildi

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar»  ýylynda hem sagdyn, arassa ýaş nesli kemala getirmekde  wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Şeýle duşuşyklaryň biri hem Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşiniň iş meýilnamasy esasynda «Sagdyn durmuş-sagdyn jemgyýet» ady bilen etrabyň 41-nji orta mekdebiniň mejlisler zalynda mekdebiň mugallymlarynyň hem-de ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirildi.

Wagyz nesihat çäresinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda ýaramaz endiklere, neşekeşlige neşe serişdeleriniň bikanun ýaýradylmagyna garşy biböçber göreş alnyp barylýandygy barada giňişleýin durup geçildi. Bu ýowuz pişeleriň öňüni almak maksady bilen döwletimizde hukuk goraýjy edaralary hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan bu nogsanlyga garşy soňky wagtlarda göreşiň has-da güýçlendirilendigini we onuň netijeleriniň halkymyzyň arasynda örän oňat garşylanýandygy barada aýratyn nygtaldy.

Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan halk halar, örän oňat işler alnyp barylýandygyny bellemek bilen, maşgalada çaga terbiýesiniň ata-bilen enä, jemgyýetde bolsa mugallymlara we halk köpçüligine baglydygy barada mysallaryň üsti bilen gürrüň berdiler. Ýaramaz endikleriň öňüni almagyň esasynyň çagalara dogry terbiýe berilmek, olara dogry ýol görkezmek, ýamany ýaşyryp, ýagşyny ýaýmak nygtamak bilen, oňat terbiýäniň geljekde maşgalalaryň berk bolmagyna örän güýçli täsir edýändigini wagyz-nesihat çärelerinde aýratyn belläp geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda ýaramaz endiklere garşy göreşmek, ýaş neslimiziň saglygyny berkitmekde ýurdumyzdaky sport bäsleşikleriň we medeni çäreleriň oňat netije berýändigini buýsanç bilen bellediler. Ýaş nesillerimiziň ýaramaz endiklerden daşda durup sagdyn ýetişmekleri üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşly sözleri aýtdylar. 

 

Myrat ÇARYÝEW,

Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler 
arkalaşyklarynyň Tejen etrap
Geňeşiniň başlygy.