Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦ ✦ "ICT Start-up: durnukly ösüş üçin innowasiýa tehnologiýalary" atly bäsleşik geçirildi ✦ ✦ YHG-niň birinji ministrler forumy geçiriler ✦ ✦ III Halkara açyk informatika internet olimpiadasy üstünlikli geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan bilen ÝUNFPA ýaşlar syýasatyny maslahatlaşdy ✦ ✦ Mekdep kitaphanalarynyň işi kämilleşdirilýär ✦ ✦ “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” atly medeni çäre ✦ ✦ Türkmenistan - BMG-da ýaşlar duşuşygyny guraýar ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Wagyz-nesihat duşuşygy  geçirildi
  12.04.2023
400
Wagyz-nesihat duşuşygy  geçirildi

Saglyk  aýynyň  şu  günlerinde  Türkmenistanyň  Kärdeşler  arkalaşyklarynyň  Tejen  etrap  birleşmesiniň  iş  meýilnamasy  esasynda  Tejen  etrabynyň  pagta  arassalaýjy  kärhanasynda  «Türkmenistan  sagdynlygyň  mekany»  ady  bilen  wagyz-nesihat  duşuşygy  geçirildi. Oňa  jemgyýetçilik  guramalarynyň  başlyklary, pagta   arassalaýjy  kärhanasynda  zähmet  çekýän  Kärdeşler   arkalaşyklarynyň  işjeň  agzalary  gatnaşdy.

Duşuşykda  çykyş  edenler   hormatly  Prezidentimiziň  saglyk  abadançylygyny  gorap  saklamakda   berýän  tabşyryklaryndan  ugur  alyp,  ýurdumyzda  ilatyň  sagdyn  bedenli  bolmagy,  dürli  kesellere  garşy  ukybyny  ýokarlandyrmagy  babatynda, sagdyn  iýmitlenmegiň  wajypdygy  barada   şeýle  hem  şahsy  gigiýenanyň  düzgünlerini  berjaý  etmelidigini, ýurdumyzy  sagdyn  durmuş  ýörelgeleri  bilen  belentden-belent  sepgitlere  ýetirilýändigini  aýdyp, berkarar  Watanymyzda   ähli  ulgamlar  bilen  bir  hatarda  saglygy  goraýyş  ulgamyny  ösdürmekde  ägirt  uly  işler  amala  aşyrylýar. Türkmen   halkynyň  Milli  Lideri  Gahryman  Arkadagymyzyň   tagallalary  bilen  binýady  goýlan  hem-de  hormatly  Prezidentimiz  tarapyndan  üstünlikli  ösdürilýän  saglygy   goraýyş  syýasaty  täze  taryhy  eýýamda  rowaçlyklara  beslenýändigini, sagdyn  durmuş  ýörelgeleriniň,  ýokary  netijeli  sportuň, bedenterbiýe - sagaldyş  hereketleriniň  hormatly  Prezidentimiziň  ýadawsyz  tagallalarynyň  netijesinde,  Arkadagly  Serdarymyzyň  Bütindünýä  saglyk  gününiň  dabaralaryna  hem-de  Bütindünýä  welosiped  güni  mynasybetli  köpçülikleýin  welosipedli   ýörişe  gatnaşmagy, sportuň  dürli  görnüşleri  bilen meşgullanmakda  görkezýän   şahsy  göreldesi  ähli  ildeşlerimizi,  hususan-da   ýaş  nesli  bedenterbiýe  we  sport   bilen  yzygiderli  meşgullanyp, sagdyn  durmuş  ýörelgesine  pugta  eýermäge  ruhlandyrýar  diýip  belläp  geçdiler.

Duşuşygyň  ahyrynda    raýatlaryň  eşretli  we  bagtyýar  durmuşda  ýaşamagy we  zähmet  çekmegi  ugrunda  edýän  tagallalary üçin  Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza  alkyş  sözlerini  aýtdylar. 

 

Bägül GURBANOWA,

Türkmenistanyň  Kärdeşler  arkalaşyklarynyň   
Ahal  welaýatynyň  Tejen etrap 
birleşmesiniň  kätibi.