Ýakynda Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda welaýatyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagogik işgärleriniň arasynda «Okatmagyň we terbiýe bermegiň täzeçe usullary» ady bilen usuly gollanmalaryň bäsleşigi geçirildi.
Bu bäsleşik ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň talaplaryna laýyklykda ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde döredijilikli işleýän, mekdebe çenli çagalar edaralarynda zähmet çekýän bilim işgärleriniň hünärlerine bolan höweslerini artdyrmak, ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda geçilýän sapaklaryň mazmunyny baýlaşdyrmak we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, sowatly we ösen tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan bilim işgärlerini kemala getirmek maksady bilen guraldy.
Bäsleşige Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyndan we beýleki kadalaşdyryjy resminamalardan, pedagogikanyň we usulyýetiň talaplaryndan ugur alnyp döredilen täze mazmunly, döwrebap görnüşli usuly gollanmalar hödürlenildi.
Bäsleşigiň guralýan ýeri bolan Mary şäheriniň 12-nji çagalar bakja-bagynda bäsleşigiň etrap, şäher tapgyrlaryndan saýlanan bilim işgärleri öz taslamalary, gollanmalary bilen tanyşdyrdylar. Şeýlelikde, bäsleşigiň dowamynda iş tejribeden şahsy nusgalyk okuw-usuly toplumlary (kitaplary, audio-wideo ýazgylary, gollanmalary, interaktiw-multimedia programmalary, prezentasiýalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary, animasion eserleri, sapaga degişli elektron gollanamalary, interaktiw testleri we beýlekileri) hödürlenildi.
Emin agzalarynyň gelen netijelerine laýyklykda, Mary şäheriniň 16-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi Rano Töräýewa, Tagtabazar etrabynyň 10-njy çagalar bakja-bagynyň aýdym-saz ýolbaşçysy Azat Durdymyradow hödürlän usuly gollanmalary bilen has tapawutlanyp, esasy ýeňijiler hökmünde saýlandylar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmäge, bilim-terbiýeçilik işgärleriniň hünärlerini kämilleşdirmäge, täzeçe usullar arkaly iş tejribeleri baýlaşdyrmaga döredilýän şeýle uly mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!
Aýna NURÝAGDYÝEWA,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň baş hünärmeni.