Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Tejen Awtoulag kärhanasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Beýni keselleriniň psiholohik täsirleri ✦ ✦ Psihologiýanyň çäginde Psihoterapiýanyň tutýan orny ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Ulag ulgamy — milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugry
  15.11.2024
152
Ulag ulgamy — milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugry

Türkmenistan, geljek 30 ýylda durmuş-ykdysady ösüşiň Milli maksatnamasyna laýyklykda, dürli ykdysady ugurlarda maýa goýumlaryny artdyrýar. Ulag-aragatnaşyk ulgamynda esasy maýa goýumlar awtomobil, howa, demir ýol, derýa we deňiz gatnawlarynyň ösdürilmegine, awtomobil ýollarynyň gurulmagyna, telekommunikasiýa we poçta-elektroaragatnaşyk ulgamynyň kämilleşdirmäge, geosyýasy ýerleşişden we üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Bu çäreler, ýolagçy we ýük gatnawlarynyň artdyrylmagyna, täze üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine hyzmat eder. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, häzirki wagtda ulag-logistika ulgamynyň sebitler we dünýäniň kontinentleri bilen birleşdirýän möhüm güýje öwrülendigini nygtap, ýurdumyz Beýik Ýüpek ýolunyň merkezi bolup durýandygyny belläp geçýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň geografiýa taýdan elverişli ýagdaýy we mümkinçilikleri ýerlikli peýdalanmak ugrunda işler alnyp barylýar.

 

Ulag diplomatiýasy, bir-biri bilen baglanyşykly birnäçe ugury öz içine alýar. Munuň içine, çäkdeş döwletler bilen üstaşyr ýük we ýolagçy gatnawlaryny geçirmegiň şertlerini ylalaşmak, döwrebap awtomobil we demir ýollaryny gurmak, howa we deňiz-derýa gatnawlaryny döretmek ýaly meseleler girýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler, Beýik Ýüpek ýoluny häzirki zaman talaplaryna laýyklykda dikeltmekde we Türkmenistanyň sebitde iri ulag-logistika merkezi bolmagyna mümkinçilik döretýär. Netijede, ýurduň awtomobil, demir, howa we deňiz ýollaryndaky düzümler milli ykdysadyýetiň ösüşine, eksport mümkinçilikleriniň artmagyna we halkara gatnaşyklarynyň işjeňleşmegine hyzmat edýär. Bu işler, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan möhüm döwlet syýasatynyň şanly ugurlarynyň biridir.

 

Düýn dünýä döwletleri, Türkmenistan tarapyndan ýük we ýolagçylaryň howpsuz we amatly geçişini üpjün etmäge bolan mümkinçiliklere gyzyklanma bildirýärler. Türkmenistan, Demirgazyk – Günorta we Gündogar – Günbatar ugurlary boýunça ýük we ýolagçy gatnawynyň howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm rol oýnaýar. Parahatçylyk, halkyň agzybirligi we berk ekologik talaplaryň berjaý edilmegi, dünýäniň iri kompaniýalary we döwletleri üçin Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk etmek islegini artdyrýar. Türkmenistan, hemişelik Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýandygy sebäpli, bu ugurda işleriň has-da ilerlemegine ýardam berýär.

 

Mekangeldi GULMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag
kommunikasiýalar institutynyň Demir ýol
ulaglary fakultetiniň talyby.
Halypa mugallym: Umbar AMANDURDYÝEW.