logo

Soňky täzelikler:
✦ Fizika ylmynyň gazananlary ✦ ✦ «Ýaşyl» himiýa düşünjesi ✦ ✦ Möhüm ähmiýetli dialog ✦ ✦ Rowaçly tutumlaryň gözbaşy ✦ ✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Ulag-logistika ulgamy kämilleşdirilýär
  18.05.2025
1047
Ulag-logistika ulgamy kämilleşdirilýär

2025-nji ýylyň ilkinji dört aýynda Türkmenistandan üstaşyr daşalan ýükleriň möçberi 2 million tonnadan geçdi. Bu görkeziji geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 20 göterim köpdür. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

 

Ulag-logistika ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi we serhetdäki gümrük nokatlarynyň döwrebap enjamlaşdyrylmagy şeýle ösüşe ýol açdy. Desgalaryň maddy-enjam üpjünçiligi güýçlendirilip, häzirki zaman maglumat tehnologiýalary ornaşdyryldy.

 

Awtomobil arkaly amala aşyrylýan üstaşyr geçirmeler 25 göterim, demir ýol arkaly bolsa 6 göterim artdy. Görülýän giň gerimli işler ýükleriň bökdençsiz geçmegini we degişli maglumatlaryň tiz işlenilmegini üpjün edýän amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilýär.

 

Ýurdumyzyň ulag geçelgelerinde alnyp barylýan özgertmeler halkara üstaşyr ýük daşamalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.