Şu gün paýtagtymyzda «Türkmentel – 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Bu sergi we maslahat, her ýyl geçirilýän we ýurdumyzda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary boýunça möhüm çäreleriň biri bolup, ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar hem-de telekommunikasiýa ulgamyndaky gazanylan sepgitleri tanyşdyrmaga we tejribe alyşmaga mümkinçilik döredýär.
Sergi we maslahata gatnaşanlar, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iberen gutlagyny uly gyzyklanma bilen diňlediler.
Döwlet Baştutanymyzyň gutlagynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň, çägindäki halkara ähmiýetli optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak bilen, Beýik Ýüpek ýolunyň ulag we aragatnaşyk merkeziniň funksiyasyny ýerine ýetirýändigi nygtaldy.
Merjen ANNAGURBANOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
talyby.