Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Halk Maslahaty — milli demokratiýanyň nusgasy ✦ ✦ Aşgabatda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-nyň sammitine gatnaşdy ✦ ✦ Awaza Forumynyň jemleri ✦ ✦ Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli döwrebap bilim desgalary ulanylmaga berler ✦ ✦ Türkmenistan we Monako Knýazlygynyň diplomatik gatnaşyklarynyň 10 ýyllygy ✦ ✦ Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna taýýarlyk görýär ✦ ✦ “Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan” formatynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi ✦ ✦ “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady ✦ ✦ Ýaşlar Forumy – geljege barýan ýol! ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /«Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahaty
  11.11.2023
357
«Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahaty

Hepdäniň çarşenbe güni paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahat öz işine başlady. Bu forum «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi habar berdi.

 

 

Milli maglumat we telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň gazanan üstünliklerini, mümkinçiliklerini giňden açyp görkezmäge gönükdirilen iri pudaklaýyn forum geçirilýän ýyllarynyň dowamynda bu ulgamda hyzmatdaşlaryň dialogy hem-de dünýä derejesinde iň täze işläp taýýarlamalary ulanmak babatda tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança öwrüldi. Durmuş-ykdysady ösüşiň toplumlaýyn maksatnamalarynyň ýokary depgini we üstünlikli amala aşyrylmagy, uzak möhletleýin geljege niýetlenen ajaýyp meýilnamalar Türkmenistanda döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda, şol sanda telekommunikasiýalar, ýokary tizlikli maglumat tehnologiýalary ulgamyna maýa goýumlary çekmäge mümkinçilik berdi.

 

 

Türkmenistan dünýä tejribesindäki ähli täzeçillikler we öňdebaryjy gazanylanlar üçin açykdyr hem-de milli bähbitleri göz öňünde tutup, ähli ýurtlar bilen ýakyn aragatnaşygy ýola goýmaga taýýardyr. Munuň şeýledigine nobatdaky foruma Azerbaýjandan, Gazagystandan, Hytaýdan, Gyrgyzystandan, Koreýa Respublikasyndan, Russiýadan, ABŞ-dan, Türkiýeden, Fransiýadan, Şweýsariýadan, Ýaponiýadan we beýleki ýurtlardan wekiliýetleriň gatnaşmagy hem şaýatlyk edýär. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlary we netijeli gatnaşyklary täze ugurlar boýunça dowam etdirmegi maksat edinýän «Thales Аlenia Space», «Nokia», «Huawei», «WNS», «Eling», «Geedge Networks», «Eutelsat», «Kazakhtelecom», «Tranzit Telecom», «AMD», «Rostelecom» kompaniýalary we beýlekiler bar.

 

 

Iki günüň dowamynda serginiň myhmanlaryna dürli ugurlar, şol sanda maglumat tehnologiýalary, telekommunikasiýalar, telemetriýa we ölçeg enjamlary, simsiz aragatnaşyk, professional ses we wideoýazgy enjamlary, kabel önümleridir olaryň düzüm bölekleri boýunça serişdeler görkezildi.Forumyň jemleýji gününde oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, onuň netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamaga, bu ugurda täsirli häsiýete eýe bolan sebit we ählumumy işleri işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalara gol çekmek, degişli güwänamalary gowşuryldy. Şeýle-de talyplaryň arasynda geçirilen «Sanly çözgüt — 2023» atly bäsleşigiň jemleri jemlendi.

 

 

Akmyrat GELDIMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
Umumy fizika kafedrasynyň müdiri.