Taryhyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen gymmatlyklaryň arasynda düýe bilen bagly däp-dessurlaryň orny uludyr. Ýagny ogul öýermek dessurynda gelinalyjy, has dogrusy kerweni bezemegiň ajaýyp däplerini saklap gelipdirler. Türkmenleriň geçmişde tutan gelin toýundan söz açylsa, ilki bilen kejebe göz öňüňe gelýär. Gelin, adatça, düýäniň üstünde gurnalan kejebä salyp, ýörite ýaş ýigitlerden ybarat bolan atly düzüm bilen getiripdirler.
Kerweniň öňini öz köşegi – torumy bilen akmaýa çekipdir we onuň yzyndan birnäçe düýeler dowam edipdir. Adatça kerweniň öňini çekýän düýe owadan we iri bolupdyr. Akmaýa iň gowy we owadan bezeg esbaplary bilen bezelipdir. Düýäniň üstünde gelin oturtmak üçin ýörite kejebe gurnalypdyr. Kejebäni bezemek üçin dokalan we matadan ýörite tikilen bezeg önümli ulanylypdyr. Düýäniň başyna we boýnuna dürli reňkli mata böleklerinden gurnama görnüşde tikilen düýebaşlyk atylypdyr. Onuň her gapdalyndan düýehalyk ýa-da mata bezegleri bolan asmalyk asylypdyr. Düýäniň art buduna halydan dokalan yzlyk dakylypdyr. Boýnuna bolsa halydan dokalan boýunlyk asylypdyr, ondan başga-da öň aýagynyň dyzlaryna ýörite edilen dyzlyk, ýa-da jaňjagaz dakylypdyr. Düýe bezemek däplerinde köşekleri hem ünsden düşürmändirler – olar hem edil uly düýeler ýaly bezelipdir, ýöne köşekler üçin bezegleriň kiçi görnüşleri ulanylypdyr. Kerwen düýelerini burunlyk arkaly biri-birine baglapdyrlar. Düýäniň başyna owsar geýdirilip, ol ýörite dik jygalar we aşak sallanyp duran gotazlar bilen bezelipdir. Gelin öz halat-serpaýlaryny bukjasyna salyp getiripdir. Çagalara paýlanýan süýjülikleri bolsa horjuna salypdyr.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde bu gadymy däpleri açyp görkezmek maksady bilen «Türkmenlerde düýe bezemegiň gadymy däpleri» atly sergi guralyp, onda Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan bu täsin öý haýwanynyň gelip çykyşy giňişleýin açylyp görkezilýär. Sergide ýabany düýäniň örän gadymy yzlaryny, arheologlar tarapyndan tapylan düýe heýkeljikleri, şeýle-de düýeleriň öý hojalygynda dürli görnüşde peýdalanylyşyny açyp görkezýän fotosuratlary görüp bolar. Şeýle-de düýe ýüňünden taýýarlanan saçaklar, agarçäkmenler, deriden edilen dürli aýakgaplar serginiň has hem baýlaşdyrýar. Bulardan başga-da sergide gelinalyjy kerwenini bezemekde ulanylýan üýtgeşik düýe bezegleri we esbaplary görkeziler. Gelnajy kerwenini bezemekde ulanylan düýe başlyklaryň dürli görnüşleri, düýehalyklar, burunlyklar, asmalyklar, owsarlar sergini has hem özüne çekýär.
«Türkmenlerde düýe bezemegiň gadymy däpleri» atly sergide özüňi gadymy türkmen toýunyň içinde ýaly duýmak we şol döwürlere aralaşmak bolar, çünki sergide düýeleriň gadymy bezegleriniň asyl nusgalary görkezilýär. Şeýle serginiň Döwlet muzeýinde ilkinji gezek guralanlygyny hem bellemek gerekdir.
Gülälek Mämiýewa,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň
Döwlet muzeýiniň bölüm müdiriniň orunbasary.