Baku şäherinde 11–23-nji noýabr aralygynda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 29-njy maslahaty (COP29) öz işine başlady. Bu çäräniň çäginde Azerbaýjanyň paýtagty, şol sanda Türkmenistanyň wekiliýeti bilen, 70 müňe golaý daşary ýurtly myhmany kabul etmäge meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi merbugaty habar berdi.
«COP29» maslahatynyň 11-nji noýabrda Baku olimpiýa stadionynda geçirilmeli resmi açylyş dabarasyndan soň, 12-13-nji noýabrda howanyň täsiri boýunça hereketlere bagyşlanan mejlis geçiriler. Oňa BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan 80 töweregi döwlet we hökümet baştutany gatnaşar. Maslahatyň maksatnamasyna howa bilen baglanyşykly möhüm meseleleri öz içine alýan köp sanly çäre girýär: «ýaşyl» maliýeleşdirme, uýgunlaşma, zyýany azaltmak we tehnologiýalar, şeýle hem beýleki möhüm temalar.
Çäräniň Gök zolagynda resmi gepleşikler geçiriler, bu ýerde möhüm kararlar kabul ediler. Ýaşyl zolagyň çäginde bolsa, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly dürli sergiler, maslahatlar we medeni çäreler geçiriler. Ýaşyl zolakda suw ýetmezçiligi we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ýaly sebite mahsus howa meselelerine bagyşlanýan innowasiýalar ara alnyp maslahatlaşylýar. Seredilýän esasy meseleler tebigaty we biodürlüligi gorap saklamak, ummanyň ekosistemasyny we gorlary goramak, durnukly geljegi üpjün etmek, şeýle-de adamzat üçin jogapkärçiligi ýokarlandyrmakdyr.
BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasy 1992-nji ýylda Rio-de-Žaneýroda geçirilen Ýer babatyndaky maslahatda kabul edilip, 1995-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýär. Bu sammitiň esasy maksady, howanyň üýtgemegine garşy göreşde dünýäde gazanylan üstünlikleri we öňegidişlikleri seljermäge gönükdirilendir. 2015-nji ýylda Fransiýada kabul edilen «Pariž Ylalaşygy» bu ugurdaky iň möhüm halkara resminama bolup, häzirki wagtda 195 döwlet, şol sanda Türkmenistan hem, bu Ylalaşyga gol çekdi.
Serdar EZIZKULYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
talyby.