Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Türkmenistanyň wekiliýeti Abu-Dabide geçirilen “Bütindünýä Jemagat Hyzmatlary Kongresine” gatnaşdy
  21.09.2024
174
Türkmenistanyň wekiliýeti Abu-Dabide geçirilen “Bütindünýä Jemagat Hyzmatlary Kongresine” gatnaşdy

Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň wekiliýeti Abu-Dabide geçirilen “Bütindünýä Jemagat Hyzmatlary Kongresine” gatnaşdy.  Kongrese jemi 90-dan gowrak ýurtdan 1400-den gowrak wekiller gatnaşyp,çäräniň çäklerinde daşky gurşaw meseleler boýunça "Arap Suw Forumy" hem geçirildi. Şeýle hem sergä 180-e golaý guramalar we kompaniýalar öz işi we stendlerini gurnady.

 

Kongresiň birinji gününde maslahatlar global suw meselelerini çözmek, suw serişdelerini dolandyrmagy gowulandyrmak, şeýle-de energiýa we suw ulgamlar üçin zerur syýasatlary, tehnologiýalary we çözgütleri ornaşdyrmak barada boldy.

 

Kongresiň ikinji güni durnukly energiýa çeşmelerine geçmekde gaýtadan dikeldilýän energiýa kuwwatyny ep-esli ýokarlandyrmak boýunça global tagallalara bagyşlanyp, halkara hyzmatdaşlygy, uly maksatly syýasatlary we az uglerodly tehnologiýalara we beýleki ugurlara maýa goýumlaryny artdyrmak zerurlygyny nygtady.

 

Kongresiň soňky gününde Türkmenistanyň wekiliýeti gaýtadan dikeldilýän energiýanyň geljekde orny, maliýeleşdiriş usullary we hususy pudagyň gatnaşmagy baradaky sessiýa gatnaşdy. Çäre we sergi üstünlikli tamamlandy, bu bolsa Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça halkara tagallalaryna dowamly gatnaşmagynda möhüm ädim boldy.

 

Annagül PYHYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.