logo

Latest news:
✦ Malaýziýa “Turkmen Travel 2026” sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Dünýä dilleri institutynyň mugallymy halkara bäsleşikde aýratyn üstünlik gazandy ✦ ✦ Sportda iň köp göýberilýän 10 ýalňyşlyk we olardan nädip gaça durmaly ✦ ✦ «Diller Dünýäsi» malaýziýaly myhmanlary kabul etdi ✦ ✦ Aşgabatda «Turkmentravel — 2026» halkara sergisi we maslahaty dowam edýär ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýylyň üçünji sany çapdan çykdy ✦ ✦ Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy ✦ ✦ Takyk ugurly bilimleriň ösdürilmegi — geljegiň berk binýady ✦ ✦ «Ýaş inžener 2026» atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da «Güýçli brendleriň psihologiýasy» atly açyk sapak geçirildi ✦
Home / Science and Education /“Türkmenistanyň taryhy” dersinden bäsleşik geçirilýär
  11.03.2025
2621
“Türkmenistanyň taryhy” dersinden bäsleşik geçirilýär

 Umumy düzgünler

Türkmen döwlet medeniýet institutynda “Türkmenistanyň taryhy” ders   bäsleşigi 2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde geçirilýär.

 

“Türkmenistanyň taryhy” ders bäsleşigine gatnaşmaklyga isleg bildirýän ýurdumyzyň  ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 2025-nji ýylyň 28-nji martyna çenli institutyň  tdmi.info@mail.ru elektron salgysynda hasaba alynýar.

 

“Türkmenistanyň taryhy” ders bäsleşigine 2024-2025-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar gatnaşyp bilerler.

 

“Türkmenistanyň taryhy” ders bäsleşigi toparlaýyn bäsleşik görnüşinde geçirilýär. Topar agzalary 4 (dört) talypdan ybarat bolmalydyr. Topara öz aralaryndan bir agzasyny toparbaşy saýlamaklyga ygtyýar berilýär.

 

“Türkmenistanyň taryhy” ders bäsleşigine ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň her birinden bir toparyň gatnaşmagyna hukuk berilýär.

 

Ýokary okuw mekdepleriniň toparlarynyň toparbaşysynyň toparyň agzalary tarapyndan saýlanan hem-de bäsleşigi geçirilýän wagtynda toparyň adyndan guramaçylyk çözgütlerini kabul etmäge we toparyň bähbitlerini gorap çykyş etmäge hukugy bardyr.

 

Bäsleşige gatnaşýan ýokary okuw mekdebi bäsleşige 25 sany test soragy hödürläp biler. Hödürlenen meseleler anyk jogaplary bilen bäsleşigi geçirýän ýokary okuw mekdebine ugradylmaly. Teklip edilýän test soraglary “Türkmenistanyň taryhy” dersine we Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň eserlerine degişli bolup biler.

 

Bäsleşige gatnaşjak talyplar we jogapkär mugallym baradaky maglumatlary hem-de ýokary mekdepleri öz taýýarlan testlerini (25 sany) 2025-nji ýylyň  mart aýynyň 28-ine çenli aşakda görkezilen nusga laýyklykda word (*.docx) faýlynda)  tdmi.info@mail.ru salgysyna ugratmaly.

 

“Türkmenistanyň taryhy” ders   bäsleşigi Türkmen döwlet medeniýet institutynda gatnaşmak tertibinde bellenilen senelerde kesgitlenilen wagtda geçirilýär.

 

“Türkmenistanyň taryhy” ders   bäsleşiginde  hödürlenilýän testleri işlemek  üçin 1 sagat wagt berilýär.

 

Has giňişleýin maglumat üçin şu ýere basyň.