Aşgabatda 4-6-njy dekabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkiýäniň eksport harytlarynyň giň gerimli sergisi geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu çäräniň Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmekde möhüm ädim bolar.
Sergide dürli görnüşli önümler, şol sanda senagat tehnologiýalary, gurluşyk we oba hojalyk enjamlary görkeziler. Şeýle hem hojalyk tehnikalary, mebeller, ýuwujy serişdeler we sarp ediş harytlary bilen tanyşmak mümkinçiligi bolar. Türkiýeli öndürijiler tarapyndan hödürlenjek harytlaryň arasynda konditer we şokolad önümleri hem bar.
Sergi işewürler üçin täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini açar, işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak, hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak we tejribe alyşmak üçin amatly meýdança bolar. Bu çäre, Türkmenistana we Türkiýäniň arasynda ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, söwda hyzmatdaşlygyny giňeltmek we maýa goýumlaryny çekmek maksadyny güder.
Sergi, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtap, işewürlik başlangyçlary üçin täze mümkinçilikleri açmak bilen bir hatarda, söwda-ykdysady meseleleri maslahatlaşmak we bilelikdäki taslamalary döretmek üçin wajyp bir meýdança bolar.
Bahar MUKUMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
talyby.