logo

Latest news:
✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
  22.11.2022
918
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe saýlawlarda ynamly ýeňiş gazanyp, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

«Gazagystanyň halky tarapyndan edilen saýlaw Siziň ýurdy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen esasy ugruňyza giňden düşünilýändigini we goldaw tapýandygyny ýene-de bir gezek görkezýär. Siziň baştutanlygyňyzda Gazagystan Respublikasynyň geljekde-de uly üstünlikleri gazanjakdygyna, halkara giňişlikde öz abraýyny ýokarlandyrmagyny dowam etdirjekdigine ynanýaryn. Biz Türkmenistanda Siziň türkmen-gazak gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris we biziň doganlyk halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli toplumyny mundan beýläk-de giňeltmek boýunça bilelikdäki netijeli işleriň hem-de gepleşikleriň dowam etdiriljekdigine ynanýarys» diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlik, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi. 

 

TDH.