Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 8-nji awgustynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna bardy hem-de deňiz kenarynda dynç almak üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.
Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, “Awazanyň” çäklerinde welosipedleri kärendesine bermek boýunça birnäçe beket döredildi, olaryň awtomatlaşdyrylan ulgamy we bu ýerde gurnalan ýörite enjam gün batareýalaryndan alynýan energiýanyň hasabyna işleýär. Döwlet Baştutanymyz beketleri ekologiýa talaplaryna doly kybap gelýän “Ekowelosiped bekedi” diýip atlandyrylsa maksada laýyk boljakdygyny belledi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow beketleri işletmegiň hem-de olara berilýän mümkinçilikler baradaky meselä ünsi çekip, welosipedli ýoluny dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz ýolugra gidip barşyna “Awazanyň” ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça geçirilýän işleri, onuň çäklerinde döredilýän gök zolaklary giňeltmek, seýilgähleri abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy boýunça welosiped sürüp barşyna welosipedde gurnalan enjamyň kömegi bilen beketde agtygy Kerimiň döreden “Ýaşa Türkmenistan, bedew bady bilen diňe öňe!” diýen täze saz eserini diňledi.
Hormatly Prezidentimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Watançy” myhmanhanasynyň çägine baryň gördi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz içeri işler ministri I.Mulikowa ýüzlenip, içeri işler düzüminde polisiýanyň ekowelosiped toparyny döretmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz bu topary her ýyl sentýabr aýynda geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” biraýlygynyň dowamynda, şeýle hem mekdeplerde we çagalar edaralarynda guralýan şonuň ýaly çärelerde düşündiriş – wagyz işleri görnüşinde peýdalanmagyň maksada laýyk boljakdygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti sebitleri ösdürmegiň çäklerinde, hususan-da "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gurulmagy teklip edilýän durmuş maksatly desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Deňiz kenarynda gurulmagy göz öňünde tutulýan binalaryň hatarynda kottej görnüşli jaýlar, suw arassalaýjy desga, çagalar we ulular üçin suw howdanlary bolan ýörite myhmanhanalar, tomusky restoran bar. Bu taslamalary amala aşyrmak ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanylar.
Taslama boýunça guruljak desgalar 10 gektara barabar meýdany eýelär, onda ýylyň islendik paslynda ýaşamak hem-de dynç almak üçin has amatly şertler dörediler. Kottej toplumynda jemi 768 adama niýetlenen 192 otag ýerleşdiriler. Mundan başga-da, onuň çäginde türkmeniň “Ak öýi” görnüşindäki desga gurlar. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy bilen "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýasahatçylyk zolagy bilen tanyşlygyň barşynda täze satyn alnan gämini synlady. Milli Liderimiziň tabşyrygy bilen satyn alnan täze gämi "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň gämiler toplumynyň üstüni ýetirdi. Ol syýahatçylar we dynç alýanlar üçin deňiz gezelençlerini guramaga niýetlenendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Rowaç” diýlen ady alan gäminiň kapitanyny täze gäminiň gelip gowuşmagy bilen gutlap, şowly ýüzüş arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz gäminiň deňze çykmagyna ak pata berip, egindeşleri bilen gämä mündi we deňze gezelenç etdi.
Hormatly Prezidentimiz gämide ýüzüş wagtynda bu künjekde syýahatçylygyň ösdürilmegi, deňiz gatnawlarynyň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklar berdi.
Hormatly Prezidentimiz 8-nji awgustda birinji, Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalygy kabul etdi. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy forumyň guralmagy bilen gutlady hem-de onuň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi. Şeýle-de ol kompaniýa ynanylan taslamalary durmuşa geçirmegiň barşy we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti öz ösüşinde dünýäniň iň soňky gazanan ylmy-tehniki pikirlerine we innowasiýa tehnologiýalaryna esaslanýan Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda örän möhüm milli taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýan türk kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz kompaniýa ynanylan taslamalary durmuşa geçirmegiň, işleriň ýokary hiliniň üpjün edilmeginiň hem-de şertnamada bellenilen möhletde ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine “Çalyk Holdingiň” ýolbaşçysynyň ünsüni çekdi.