logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri bilen duşuşdy
  22.11.2022
934
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri bilen duşuşdy

21-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaý emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, BAE-niň wise-prezidentine, Premýer-ministrine Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň geljegi, iki ýurduň ýangyç-energetika kuwwaty, olaryň dünýäniň söwda we ulag-aragatnaşyk çatryklarynda amatly ýerleşmegi özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek şeýle-de birnäçe halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaý emirliginiň häkimi döwlet Baştutanymyza özüniň ömür ýoly we alyp barýan işleri baradaky kitaby sowgat berdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum Türkmenistanyň we BAE-niň arasynda ýola goýlan doganlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejededigini hem-de olary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny ýene-de bir gezek belläp, däp bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyryljakdygyna, täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, özara bähbitlilik, uzak möhletleýinlik esasynda ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.