21-nji noýabrda, Abu-Dabide Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň gatnaşmagynda geçirilen giňişleýin düzümdäki türkmen-emirlikler gepleşikleriniň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi.
BAE-niň Prezidentiniň köşgüniň uly mejlisler zalynda geçirilen gol çekmek dabarasynda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi. Türkmenistanyň Prezidenti BAE ilkinji resmi saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalaryň 13-sine gol çekildi.
Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň arasynda gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk we özara ýardam bermek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu Dabi ösüş gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak ministrliginiň arasynda oba hojalyk we azyk howpsuzlygy barada hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Bilim ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara gatnaşyklar ministrliginiň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Maksatnamasy; Kiberhowpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Kiberhowpsuzlyk gullugy bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Kiberhowpsuzlyk geňeşiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Maliýe ministrliginiň arasynda fiskal we tehniki meseleler boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly maliýe maglumatlary alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Maliýe gözegçilik gullugy bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Maliýe aňtawçylygy edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen «Abu Dhabi Port Group» kompaniýasynyň arasynda aýan etmezlik hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Birinji Abu-Dabi bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen «Abu Dhabi Future Energy Company — Masdar» kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanda umumy gurnalan kuwwaty 100 MW gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça taslamalary ösdürmek bilen bagly bilelikde işlemek hakynda Ylalaşyk bar.