Türkmenistan abraýly halkara guramalary, ozaly bilen Birleşen Milletler Guramasy (BMG) bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berýär. Halkara zähmet guramasy (HZG) BMG-niň iri halkara düzümleriniň biri bolup, Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri onuň agzasy bolup durýar. HZG-niň işi birnäçe ugurda, şol sanda zähmet hakynda konwensiýalary we maslahatlary işläp taýýarlamak boýunça amala aşyrylýar. HZG-niň resminamalaryndaky halkara kadalary zähmet gatnaşyklarynyň dürli ugurlaryny gurşap alýar hem-de zähmetkeşleriň kemsidilmegini gadagan etmäge, eneligi we ýaşlaryň zähmetini goramaga, kärdeşler arkalaşyklarynyň erkinligini üpjün etmäge hem-de zähmeti guramak, erkekleriň we zenanlaryň zähmet çekmäge bolan deňhukuklylygyny, olaryň zähmetine hak tölemek meselelerinde kepillikleri üpjün etmäge gönükdirilendir.
HZG-niň konwensiýalary köpçülikleýin halkara resminamalaryň bir görnüşi bolup, zähmet, zähmet gatnaşyklary we ilatyň iş bilen üpjünçiligi babatda standartlary öz içine alýar. Şol standartlar hökümetiň, işgärleriň we iş berijileriň guramalarynyň milli hereketleri üçin esas bolup hyzmat edýär. Türkmenistan adam hukuklary boýunça BMG-niň hem-de HZG-niň esasy konwensiýalaryny tassyklap, olaryň wajyp düzgünlerini milli kanunçylygyň ilatyň zähmet, iş üpjünçilik we durmuş goraglylygy baradaky meseleleri düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryna ornaşdyrdy. 1996-njy ýylda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan HZG-niň «Mejbury zähmeti ýatyrmak hakynda», «Erkek adamlary we aýallary deň ähmiýetli zähmeti üçin deň derejede sylaglamak hakynda», «Zähmet we iş bilen meşgul bolmak babatda kemsidijilik hakynda», «Assosiasiýalaryň erkinligi we olary guramaga bolan hukugy goramak hakynda», «Kollektiw şertnamalary guramaga we baglaşmaga bolan hukuk hakynda», «Işe kabul etmek üçin iň az ýaş hakynda», 2010-njy ýylda «Çaga zähmetiniň iň agyr görnüşlerini gadagan etmek we aradan aýyrmak hakynda» Konwensiýalary tassyklanyldy. Türkmenistan kenarýaka döwletleriň biri bolmak bilen 2014-nji ýylda HZG-niň «Deňizçiniň şahsyýetnamalary hakynda» tehniki Konwensiýasyna, şol sanda deňizçileriň kenara çykmagyna, üstaşyr geçmegine, başga gämä münmegine ýa-da watanyna dolanmagyna rugsat bermek maksady bilen guramanyň agza-döwletleriniň çägine barmagyny ýeňilleşdirmek baradaky resminama goşuldy. Şeýlelik-de, Türkmenistan şol resminamalaryň düzgünlerini ulanmak we üpjün etmek boýunça borçnamalary öz üstüne aldy.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynda raýatlaryň zähmete, öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga, zähmetiň sagdyn we howpsuz şertlerine, zähmetiň möçberine we hiline kybap gelýän sylaga bolan hukugyny kepillendirýän kadalar bar. Esasy Kanunyň rejelenen görnüşine mejbury zähmete we çaga zähmetiniň ýaramaz görnüşlerinelerine ýol bermezligi göz öňünde tutýan düzgüniň girizilmegi milli kanunçylygy kämilleşdirmekde möhüm ädim boldy.
Meretnur MEREDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň talyby.