Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ HGI-de halkara okuw-usuly maslahat geçiriler ✦ ✦ Türkmenistanda halkara olimpiadalar we okuw-usuly maslahatlar geçiriler ✦ ✦ Balkanly dokmaçylaryň zähmet üstünligi ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumy Malaýziýada geçiriler ✦ ✦ Mekdep okuwçylarynyň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça olimpiada geçiriler ✦ ✦ Mekdep okuwçylarynyň arasynda zehin soraglary boýunça olimpiada guraýar ✦ ✦ Ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk ✦ ✦ Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi ✦ ✦ “Ýylyň zenany” bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi ✦ ✦ Türkmen-amerikan bilim hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦
Baş sahypa / Saglyk /Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri halk lukmançylygynyň baý mirasy
  23.10.2024
238
Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri halk lukmançylygynyň baý mirasy

Türkmenistanyň ýerleşýän ýeri köp dertleriň dermany bolan ösümliklere baýdyr. Pederlerimiziň köp asyrlaryň dowamynda şypaly ösümlikleri ulanmakda toplan tejribesi netijesinde halk lykmançylygy kämil derejelere ýetipdir. Bize mälim bolşy ýaly, ýurdumuzyň ösümlik dünýäsi örän baýdyr.

 

Gahryman Arkadagymyzyň ,,Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri’’ atly ylmy-ensiklopedik kitabynda bejerijilik häsiýetli, adam saglygy üçin aýratyn ähmiýete eýe bolan dermanlyk ösümlikleriň atlary bellenilip geçilendir. Keramatly türkmen toprgynda bitýän dürli ösümlikleriň adam saglygyna şypaly häsiýeti barada maglumat berýäm bu kitap lukmançylykda, harby lykmançylyk ulgamyny ösdürmekde hem giňden ulanylýar. Bu ylmy-ensiklopedik kitapda bar bolan  şypaly ösümlilere üzärligi, dagdany, burçy, buýany mysal edip bolar. Ýurdumuzyň topraklarynda bitýän ösümlikleriň köpüsiniň dermanlyk häsiýetleri bolmagy, olaryň gymmatyny has-da artdyrýar.

 

Täsin tebigatly, dermanlyk ösümliklere baý mekanymyzda halk lukmançylygynda peýdalanylýan ösümlikleri hemmetaraplaýyn öwrenmeklige uly mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň, ýaş nesliň baş baýlygy bolan saglyk barada edýän aladasy, ylym-bilim babatdaky işleri bizi täze gözleglere ruhlandyrýar.
 

Albina ZAKIRJANOWA
Türkmen oba hojalyk
institutynyň talyby